TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür

Ekerançylyk pudagy ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda we gaýtadan işleýän senagat pudaklaryny çig mal serişdeleri bilen üpjün etmekde aýratyn uly ähmiýete eýedir. Bu pudagyň ykdysady netijeliligi esasan hem ýerlerde öz wagtynda we talabalaýyk agrotehniki çäreleri geçirmek bilen bagly bolup durýar. Şeýle çäreleriň esasylarynyň biri bolsa  esasy toprak bejergisidir.

Ekinleriň hasyly ýygnalandan soň topragy geljekki ekişe taýýarlamak maksady bilen geçirilýän iň çuň toprak bejergisine esasy toprak bejergisi diýilýär. Bu bejergide topragyň üstki gatlagy tutuşlygyna diýen ýaly agdarylýar we bu bejergä sürüm diýilýär.

Sürüm – topragyň sürülýän gatlagynyň agdarylmagyny, owranmagyny we ýumşamagyny üpjün edýär we bu çäre dürli görnüşli azallaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Azallar esasan pyçakdan, (lemehden) azaldan we arkadiregden ybaratdyr.

Sürüm geçirilýän mahaly topragyň agdarylyşy, owranmasy we ýumşamasy pyçagyň gönükdirilişine we azalyň görnüşine (egikligine) baglydyr. Häzirki wagtda kämilleşen azallar giňden peýdalanylýar. Olaryň topragy agdarma derejesi 1450 töweregi bolup, topragy gowy agdarýar.

Uzak ýyllaryň dowamynda geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde sürümi ikigat azallary peýdalanmak arkaly geçirmeklik maksada laýyk hasaplanylýar.

Ikigat azallaryň her korpusy goşa azallardan ybarat bolup, olaryň ikisiniň hem alýan giňligi 35 santimetrdir. Olaryň birinjisi ýokarrakdan, ikinjisi bolsa aşakdan dakylýar. Eger-de sürümiň çuňlugy 35 santimetr diýlip bellenen bolsa, ýokarky azal 15 santimetr çuňlugy, aşaky azal bolsa 35 santimetr çuňlugy sürer ýaly edilip gurnalýar. Şeýle ýagdaýda ýokarky azal topragyň üstki bölegini kesip, ujalyň düýbüne taşlaýar. Yzky azal bolsa aşaky gatlagy kesip, ýüze çykarýar we ösümlik galyndylaryny, haşal otlaryň tohumlaryny hem-de sürümden öňki dökülen dökünleri topraga gömüp gidýär.

Ýazda ekilýän ekinleriň ählisi üçin topragy güýz paslynda sürmekligiň aýratyn uly orny bardyr. Ol topragyň düzümini, gurluşyny, gowlandyrýar we sürümli gatlagyň ownujak kesekli bolmagyna ýardam berýär. Bu wagtda sürmeklik ösümlik galyndylaryň, haşal otlaryň tohumlarynyň, zyýanly mör-möjekleriň çüýräp, iýmit elementlere öwrülmegini üpjün edýär.

Güýz paslynda sürülen toprak gyş aýlary yzgarlanýar we howanyň üýtgäp durmagy sebäpli, doňýar we çözülýär. Netijede bolsa, toprak bölejikleriniň arasyndaky baglanyşyk ýolunýar we ýaz aýlary toprak taba gelende ol seçelenip duran düwür-düwür görnüşe geçýär. Şonuň üçin hem halkymyzyň arasyndaky “Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür” diýilen nakyl ýöne ýere aýdylýan däldir.

Öz wagtynda we ýokary hilli geçirilen güýz sürüminiň hasabyna oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň 10-15% ýokarlanýandygyny ekerançy alymlar ýörite tejribeleriň üsti bilen subut etdiler.

Şadyýewa  Züleýha

TOHU-nyň mugallymy

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidenti saýlawlardaky ýeňşi bilen gutlady

 

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle