TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ýer şarynyň iň arassa şäheri

Birleşen Arap Emirlikleriniň dubaý şäheri Ýer şarynyň iň arassa şäheri diýlip yglan edildi. Bu baradaky netijä “Mori Memorial Foundation” ýapon gaznasy geldi.

– Dubaý – dünýäniň iň howpsuz we iň arassa we iň owadan şäheri. Allatagala bize şeýle umumylygy, durnuklylygy we gülläp ösüşi saklamaga kömek bersin! – diýip, BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri Dubaýyň emiri Şeýh Muhammed ben Raşid Al-Maktum resmi jemgyýetçilik torunda belläp geçdi.

Bu sanaw dünýä şäherlerini bahalandyrmak bilen olaryň adam, maýa goýum we dünýäniň dürli künjeginden kompaniýalary çekmek mümkinçiligine şert döredýär.

Bu sanaw düzülende şäherleriň ykdysadyýeti, medeni arabaglanyşyk, seljermeler we işläp düzmeler, şäher gurşawy we ulag elýeterliligi göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň wise-başlygy hökmünde işini dowam etdirýär

Ata Watan Eserleri

BMG-niň merkezinde Halkara Nowruz güni bellendi

Rumyniýada Halkara Nowruz güni bellendi

Teswirle