TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ýer gazyp, hazyna tapýanlar häzirem bar

Şotlandiýaly höwesjeň arheolog Mariuş Stepýen metal detektoryň kömegi bilen 3 müň ýyllyk taryhy bolan hazynanyň üstünden bardy.

«The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, hazyna 1,5 metr çuňlukdan tapyldy. Ýeriň ýüzüne şeýle golaý hazynanyň 3 müň ýyllap guma garylyp ýatmagy, aslynda, uly täsinlik.

…Günlerde bir gün metal detektoryň tolkunlary adatdakylar güýçli urdy. Stepýen bu barada derhal Şotlandiýanyň milli muzeýine degişli «Treasure Trove» guramasyna habar berdi.

Wakanyň ýüze çykan ýerine professional arheologlar gelip, iş alyp bardylar we örän gymmat bahaly hazyna ýeriň ýüzüne çykaryldy…

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle