TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ýer bilen kosmos arasynda küşt oýny

Ýer bilen kosmos giňişliginiň arasynda küşt oýny geçirilip, ol hem deňme-deň tamamlandy. Halkara kosmos bekedindäki kosmonawtlar Anatoliý Iwanişin we Iwan Wagner bilen Ýerdäki küştçi Sergeý Karýakiniň arasynda 15 minutlyk küşt oýny guraldy.

Bu oýun 1970-nji ýylyň iýun aýynda şeýle derejede geçirilen ilkinji küşt oýnunyň 50 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. 50 ýyl mundan ozal “Soýuz-9” orbitasynda Andriýan Nikolaýew we Witaliý Sewastýanow bardy. Ýerde bolsa Wiktor Gorbatko, Waleriý Bykowskiý we Nikolaý Kamanin gatnaşdy. Bu küşt döwi hem takmynan 6 sagat dowam edip, deňme-deň tamamlanypdy.

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» parlamentara forumyny Aşgabatda geçirilmek teklip edildi

Ikinji Hazar ykdysady forumy geçiriler

Emmanuel Makron: Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmäge taýýar

Teswirle