Ýeňişleriň has ulusynyň öňdedigine ynanýaryn

Paýtagtymyzyň gözel seýilgähleriniň birinden  güýz paslynyň saralan ýapraklarynyň sadaja öwüsýän şemala özboluşly bir ses edip, kalbyňy heýjana getirýän sazlaşykly simfoniýasyna maýyl bolup, dünýäni undup barşyma ejesiniň ogluna bir zatlar düşündirip, onuň eline elýaglyga düwülen zady uzadanyna gözüm düşdi. Oglanjygam ony aldy-da ýanyndaky torbasyna saldy. Bu görnüşleri synlap barşyma garry enemiň öz elýaglygyna düwüp beren gymmatly sowgady ýadyma düşüp, elimi torbama sokdum. Onuň şol ýerdedigini bilibem, öz boluşymdan utanyp, daş-töweregimi garanjaklap ýene ýola rowana boldum.

Hawa, men o wagtlar ýaňy mekdebe gatnap başlapdym. Edil beýleki şäher çagalary ýaly menem oba enemlere gitmegi gowy görýärdim. Sebäbi oba meň üçin heniz açylmadyk syrly kitap ýaly bir zatdy. Meni diňe bir sada oba adamlarynyň yssy mähri däl-de, eýsem ol ýerleriniň özboluşly haýran galdyryjy tebigaty özüne maýyl edýärdi. Şonuň üçin hem uzak möhletli dynç alyş günleri meniň üçin hakyky baýramçylykdy. Oba gitmek üçin bolsa men ilkinji nobatda sapaklarymy talaba laýyk özleşdirip, okuw derslerini dörtlük, bäşlige tabşyrmaly. Ejemdir kakamyň öňümde goýýan şol şertlerini berjaý edibem men üýtgeşik bir syýahata gidýän ýaly begenip oba gidýärdim. Garry enem heniz eşitmedik ertekilerimi gürrüň berip, meni täze bir dünýä atarardy. Ol bir gün meni ýanyna çagyryp maňa köp zatlary gürrüň berdi-de ana şol düwülgi elýaglygyny hiç wagt ýanymdan goýmazlygy maslahat berdi.

Ýöne, sagadyň salymy ýok diýleni eken. Ondan bäri eýýäm gör näçe aýlar aýlanyp, ýyllar ötdi. Seredip otursam enemiň ýurduny çalşyp, aramyzdan gidenine eýýäm on ýyla golaý wagt geçipdir. Emma onuň düwülgi elýaglygyny maňa uzadyp oturany göwnüme bolmasa ýaňy ýaly bolup dur.

Orta mekdepde okaýan döwürlerim synpdaşlarym bilen bäsleşip, elmydama herimiz öz diýenmizi gögertjek bolardyk. Ana onsoň ders mugallymlarymyz kazylar ýaly herimizi diňläp, adalatly netije çykarardylar. Ýogsa hemmämiziňem öz dünýägaraýşymyz, arzuwdyr hyýallarymyz bolup, göwnüme bolmasa mende himiýa sapagyna bolan aýratyn bir ukyp bar ýalydy. Şonuň üçin hem obada bolsamam, öýde bolsamam geçirýän gizlin tejribelerim zerarly elmydama iňirdi eşidip, käýinç alýardym. Orta mekdebiň ýokary synplarynda bolsa himiýa dersi bilen doly meşgullanyp başladym. Ýaltanman himiýa mugallymymyz bilen dürli taslamalaryň üstünde tejribe işlerini geçirip, özüm üçin zerur bolan açyşlary edip başladym.

Biz durmuş bilen bagly köp zatlara kän bir ünsem bermeýän ekenik. Men ol zatlara ýuwaş-ýuwaşdan düşünip başladym. Ýurduň ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak maksady bilen nirelerdendir bir ýerlerden nämedir bir zatlary gözläp ýörmeli däl-de, öz görüp ýören zatlaryňdan hem söýgüli ýurduň ykdysadyýetine goşant goşsa boljakdygyna göz ýetirip başladym. Onuň üçin bolsa ilkinji nobatda öz ata Watanyňa, ene topragyňa ýürekden çykýan söýgüň bolmaly. Men muny aýtmak bilen,  ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän türkmen pagtasy dogrusynda durup geçmek isleýän. Pagta meýdany hasyldan arassalanyndan soň galýan gowaça çöpleri ilata paýlanyp tamdyr odun edilýär. Meýdanda galanlary bolsa şo durşuna sürülip toprak bilen garylyp goýberilýär. Seredip otursam onuň gadymdan gelýän üýtgeşik bir syry bar eken. Ony men garry mamamdan eşitdim. Ata Watanyma bolan söýgim maňa mamamyň şol aýdanlaryny peýdalanyp, galyndy gowaça çöplerinden ilatyň gündelik ulanýan ýuwujy serişdesini almagyň ýollaryna itergi berdi.

Türkmen topragynda näme kän, pagta hasylynyň gowaçasy kän. Himiýa mugallymyň ýolbaşçylygynda gowaçanyň külinden arassalaýjy ýuwujy serişdesini alyp boljakdygyna göz ýetirdim. Ýerli mümkinçilikler bilen ýuwujy serişdesiniň bakteriýalary ýok edijilik güýjüni artdyrmagyň üstünde gije-gündiz işledim. Siziň bilşiňiz ýaly, türkmen topragynda bihal ösümlik ýok. Muňa hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri’ atly köp jiltli ensiklopedik işine ser salanymyzda hem göz ýetirýäris. Bu eseriň taýsyz ähmiýetleriniň biri hem ondaky maglumatlaryň täze ylmy gözleglere çeşme bolup durýanlygydyr. Şol çeşme meniň hem ylmy gözleglerimiň gönezligine öwrüldi.

Ukusyz geçirilen gijeler öz miwesinem berdi. Netijede alynan serişde adam saglygyna we daşky gurşawa zyýansyzlygy bilen tapawutlandy. Ol gündelik arassaçylyk işlerinde hemişe ulanylmaga ýaramly boldy. Aýratyn hem, bu serişdäniň zäherleýji häsiýeti ýok, ol uçujy we ýanyjy däl, biodargaýjylygy bolsa ýokary.

Okap bilersiňiz  2021-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde syýahatçylaryň sany 83 göterim azaldy

Men bu barlaglary tapgyrma tapgyr geçirip alnan maglumatlarymy jemläp, dürli derejedäki bäsleşiklere gatnaşyp ýeňiji boldum. Ata Watana, ene topraga bolan söýgim meni maňa täze-täze açyşlary etmäge itergi berdi. Ýöne nämüçindir men enemiň beren şol düwülgi elýaglygyny hiç ýanymdan goýasym gelenokdy. Bäsleşiklerde emin agzalarynyň öňünde çykyş etmeli bolanymda ilkinji nobatda şol elýaglygy öz elýeterimde goýýaryn, ana onsoň meniň çykyşlarym göwnüme bolmasa öz-özünden ugrugyp gidiberýän ýalydy. Ol üýtgeşik zat bolmasa-da meň üçin iň gymmatly zatlaryň biridi. Haçanda Malaýziýa döwletinde geçirilýän halkara bäsleşigine gitmeli bolanymda men sol düwülgi elýagly torbama saljak bolup durkam ejem:”Onyň näme, ownuk-uşak zatlary almada özüňe zerur bolan zatlary alyşdyrda” diýende men ejeme:”Belki-de maňa ýeňiş getirýän zat şu zatdyr eje!” diýdimde ony torbama saldym. Şeýdibem men Malaýziýada geçirilen “MIYIO-2019” atly halkara bäsleşikden kümüş medal bilen dolanyp geldim, “UNIPO-2019” atly halkara internet bäsleşiginde altyn medala mynasyp boldum. Şeýle hem Türkmenistanda ýaş alymlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiş gazanyp, Hormatly Prezidentimiziň şa-serpaýyna mynasyp boldum. Her bir işe bolan yhlas, ynam seni maksadyňa ýetmäge uly itergi berýär. Men 2019-njy ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Pediatriýa fakultetine okuwa kabul edildim. Bir gün okuwa gitmek üçin torbamy alyp ugranymam şoldy. Ejemiň hemme zatlaryňy alyşdyrdyňmy diýenem şoldy weli men hyrra yzyma dolandymda tekjämde duran düwülgi elýaglygy alyp ony torbama saljak bolanymda ejem:”Oglum seň şol düwünçegňi hany bizem bir açyp göreli. Onda näme bar ?” diýende men iki egnimi gysdym-da “bilemok” diýdim. Ejem düwünçegi aldy-da, ony emaý bilen çözdi. Elýaglygyň içinde bir çümmük duz, bölejik nan hem bir çümmük toprak bar ekeni. Enem olar garyşmaz ýaly hersini aýratynlykda dolap öz elýaglygyna düwüpdir. Ejem olara seredip durşuna: ”Eneň saňa nirede bolsaňam ata Watanyň duzyny hakla, ene topraga tagzym et, nanam saňa ýoldaş bolsun” diýip, saňa öz ak patasyny beripdir diýdi. Men ejemi diňläp durşuma ýuwaşjadan başymy galdyryp enemiň diwardan asylgy suratyna seredenimde şahyryň şeýle ajaýyp setirleri serime geldi.

Okap bilersiňiz  Doňdurma nädip döredi?

“Geçse-de ýüz-müňläp sene” diýdiler,

“Artar keramaty ýene” diýdiler.

Dünýäň ähli halklarynyň dilinde,

Iň owadan söze “Ene” diýdiler.

Men hormatly Prezidentimiziň biziň üçin döredip berýän ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp, öz açyşlarymy dowam etdirip ata Watanyma, eziz halkyma iň bir zerur hünärmen bolup ýetişmäge çalyşaryn. Enemiň öz elýaglygyna düwüp ata Watanym üçin eden wesýetlerini bolsa elmydama haklaryn.

 

 

Sylap Sylapow,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň

Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Tennis dünýäsiniň esasy ýaryşlarynyň biri hasaplanýan Fransiýanyň açyk çempionaty (Roland Garros) tamamlandy. Onda serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç ýeňiş gazandy. Ol final duşuşygynda gresiýaly garşydaşy Stefanos Sisipasy ýeňmegi başardy. Duşuşyk 6:7 (6:8), 2:6, 6:3, 6:2, 6:4 hasabynda 34 ýaşly serbiýaly tennisçiniň peýdasyna tamamlandy. Ilkinji gezek 2004-nji ýyldan bäri Fransiýanyň açyk çempionatynda ýeňiji aýgytlaýjy tapgyrda mälim boldy. Jokowiç bilen Sisipas 8-nji gezek duşuşdy....
Ýewropa yklymynda Ýewro-2020 çempionaty dowam edýän döwründe Amerika yklymynda hem "Kopa Amerika" futbol ýaryşy badalgal aldy. Braziliýada geçirilýän bu ýaryşyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Onda Braziliýanyň milli ýygyndysy Wenesuelanyň milli ýygyndysy 3:0 hasabynda, Kolumbýiýanyň milli ýygyndysy bolsa Ekwadory 1:0 hasabynda utdy. Braziliýanyň düzüminda Markinos, Neýmar (11 metrlik jerime) we Gabriel Barboza tapawutlandy. Kolumbiýanyň milli ýygyndysynda bolsa Kardena tapawutlandy. "Kopa Amerikada" ertir, ýagny 15-nji iýunda...
Futbol boýunça Ýewropa çempionaty gyzykly duşuşyklary bieln dowam edýär. Ýewropanyň 12 şäherinde geçirilýän bu duşuşyklarda gyzykly hem-de çekeleşikli oýunlar geçirilýär. "D" TOPARY Sagat 18:00  Şotlandiýa  - Çehiýa Glazgo şäherinde geçiriljek bu duşuşyk Şotlandiýanyň 1998-nji ýyldan bäri garaşýan pursaty - 23 ýyldan bäri esasy finala çykan ilkinji ýaryşydyr. "E" TOPARY Sagat 21:00  Polşa - Slowakiýa Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek duşuşyk polşaly Robert Lewandowskiniň özüniň görkezmegi üçin...
Futbol boýunça Ýewropa çempionaty dowam edýär. Düýn "Ç" hem-de "D" toparynyň duşuşyklary geçirildi. Sagat 18:00-daky duşuşykda Angliýa bilen Horwatiýanyň milli ýygyndylary duşuşdylar. Olar "D" toparynda çykyş edýärler. Örän çekeleşikli geçen duşuşykda Angliýanyň milli ýygyndysy 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny Rahim Sterling geçirdi. "Ç" TOPARYNYŇ DUŞUŞYKLARY Soňra sagat 21:00 we 00:00-da bolsa "Ç" toparynyň duşuşyklary geçirildi. Ilki bilen Awstriýa bilen Demirgazyk Makedoniýa...
Aýakgabyňyzy çykaryň. Ýapon medeniýetinde pollara we tatami matalarynyň mümkin boldugyça arassa bolmagyny üpjün etmek üçin bir jaýa gireniňizde aýakgabyňyzy çykarmak gowy we möhüm edep hasaplanylýar. Bu hili arassaçylyk köp öý hojalyklarda we restoranlarda talap edilýär, adamlar pola ýakyn tatami düşeginde iýýärler, krowatdan tapawutlylykda tatami düşeginde ýatmak hem adaty zat. Mundan başga-da, ähli otaglarda diňe jorap ýa-da aýakýalaňaç hereket etmegiň ýerine,...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
834TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar