TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ýeňil taksi awtoulaglarynyň 150-si getirildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki parkynyň üsti täze satyn alnan «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň 150-si bilen ýetirildi.

Awtoulag hyzmatlarynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, dürli kysymly ýokary amatlykly awtoulag serişdelerini satyn almak barada şertnamalaryň birnäçesi baglaşyldy.

Ýolagçylar üçin ýokary howpsuzlyk derejesini hem-de amatly şertleri üpjün etmäge mümkinçilik berýän sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Ýeňil awtoulag taksilerinde bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde töleg geçirmek üçin elektron planşetler göz öňünde tutulandyr. Awtoulaglarda GPS ulgamynyň abzallary oturdylyp, munuň özi awtoulag serişdesiniň islendik wagtda nirede ýerleşýändigini kesgitlemäge, sürüji tarapyndan tizlik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Täze ýeňil taksi awtoulaglary dünýä ülňülerine laýyk gelýän howpsuzlyk, ygtybarlylyk we ekologik talaplara doly laýyk gelýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Teswirle