DÜNÝÄ

Ýeñil atletika boýunça dünýä çempionatynyñ senesi üýtgedi

Halkara Ýeñil atletika federasiýasynyñ assosiasiýasy ýeñil atletika boýunça dünýä çempionatyny 2021-nji ýyldan 2022-nji ýyla geçirendigini mälim etdi. Senesiniñ yza süýşürilmeginiñ sebäbi Olimpiýa oýunlarynyñ senesiniñ üýtgemegi diýip, guramanyñ metbugat gullugy habar berýär. Olimpiýa oýunlary 2021-nji ýylyñ 23-nji iýuly-8-nji awgusty aralygynda geçiriler.

Ýeñil atletika boýunça dünýä çempionaty Amerikanyñ Ýudžina şäherinde 2021-nji ýylyñ 6-15-nji awgust aralygy geçirmek meýilleşdirilýärdi. Bu ýaryşyñ geçiriljek anyk senesi maslahatlaşýarlar.

Ýene-de okaň

Hytaý bilen Gruziýanyň arasynda wizasyz döwür başlandy

Wengriýada täze prezident saýlandy

Antoniu Guterriş Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine çagyryldy

Aşgabatda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi boýunça bäştaraplaýyn duşuşyk geçiriler

Türki akademiýasynyň wekiliýeti Türkmenistana geler

Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň nusgalary “British Library” kitaphanasynda saklanýar