TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Ýeňijileriň Dykgatyna : Ata Watan Eserleri

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi tamamlandy we yeňileri yglan ettik.Bäsleşik baradaky habary şu linkiň üstüne basyp okap bilersiňiz.

Häzirki pandemiýa şertlerinde çäre geçirmegiň kynçylyklaryny göz öňünde tutup, pul baýraklaryny ýeňijiniň öz adyna açylan (bu hökmany şert, Türkiýede bilim alýan talyplar, Türkiýäniň banklarynda öz adyna bank hasap açyp bilýärler) bank hasaplaşyk hasaplaryna, Çynaranyň kitabyny we sertifikaty talybyň öz salgysyna poçtanyň üsti bilen iberjekdigimizi yglan edipdik. Häzirki wagtda talyplaryň birnäçesiniň bank hasaplaşyk  hasaby, salgysy (adresi) we telefon belgisi bize gelip gowuşdy. Emma, ähli tölegler we ibermeler ähli talyplaryň maglumaty bize gelip gowuşandan soňra amala aşyrylar. Şol sebäpli häzire çenli maglumatlaryny ibermedik ýaryşa gatnaşan ähli talyplaryň  özleriniň bank hasaplaşyk hasabyny, telefon belgisini we salgysyny (ýaşaýan ýeriniň adresini) atavatanltd@gmail.com salgysyna gyssagly ibermegini haýyş edýäris. Instagram, IMO, WhatsApp ýa-da beýleki serişdeleriň üsti bilen iberilen maglumatlar kabul edilenok. Tölegler geçirelnden soňra, bu baradaky maglumaty bize beren e-poçta salgysyndan ýaryşa gatnaşan talyplara habar beriler.

Türkiýede hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan edipdi.

Bäsleşik Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän, Türkmen, Türk, Iňlis we Rus dillerinde terjime hyzmatlaryny hödürleýan we Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly raýatlara bilim ulgamynda maslahat hyzmatlary berýän Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti Türk kompaniýasynyň hemaýatkärliginde  geçirildi.

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle