TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ýene-de tälimçilige dolanmakçy

Angliýanyň “Arsenal” topary uzak ýyllap tälim beren Arsen Wenger, Niderlandlar Patyşalygynyň futbol boýunça milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edip biler.

Niderlandlaryň futbol birleşigi “Barselonanyň” täze baş tälimçisi wezipesine bellenmegine garaşylýan Ronald Kumanyň ornuna Wengeri bellemek isleýär. Şeýle hem “Barselonanyň” ýolbaşçylary tarapyndan Wengere hem baş tälimçi wezipesi teklip edildi. Emma Wenger bu teklibi kabul etmedi.

Wenger 1996-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli “Arsenal” toparyna tälim berdi. Ol häzir 2019-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri FIFA-nyň global futbol ösüş bölüminiň başlygy wezipesinde işleýär.

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle