TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ýene bir iri çäre çäklendirildi

Geçen ýyldaky köp sanly iri çärelerden soňra, koronowirus pandemiýasy sebäpli 2021-nji ýyldaky iri wakalar hem ýatyrylýar. Ýakynda ýatyrylan Gremmi baýraklaryndan soňra, dünýä metbugatynda Ýer ýüzüniň iň uly buz we gar festiwalynyň çäklendirilendigi barada habar berildi.

Ýöne festiwal doly ýatyrylmady. Onuň wagty diňe biraz gysgaldyldy.

Ýeri gelende aýtsak, bu gyzykly festiwal Hytaýyň Harbin şäherinde geçirilýärdi. Oňa dünýäniň beýleki döwletlerinden gelen myhmanlar hem gatnaşýardy. Häzirki pandemiýa sebäpli şu ýylky festiwalyň wagty geçen ýyllardakydan biraz gysgaldyldy.

Festiwalyň guramaçylarynyň aýtmagyna görä, çäklendirmelere garamazdan, oňa gatnaşan myhmanlaryň sany geçen ýyllardakydan birjik-de az däl. Esasan hem çagalar hezil edinýärler. Bu ýerde ulular üçin hem hezillikler kän. Gardan we buzdan ýasalan heýkelleriň ýanynda surata düşmek olaryň iň halaýan güýmenjesi.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle