TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

ÝDÖB işe täzelikde girişýän biznes-konsultantlar üçin onlaýn trening geçirer

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky (ÝDÖB) Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda “Konsalting işewürligiňizi ösdüriň” tapgyryndan bolan okuwlary onlaýn görnüşde gurnaýar.

Bu trening bazarda iki ýyldan artyk bolmadyk döwürde iş alyp barýan konsalting kompaniýalarynyň ýaş hünärmenleri üçin, şeýle hem marketing, hil dolandyryş, maliýe seljermesi we işewürlik meýilleşdirilmesi çygrynda işe täzelikde girişýän konsultantlar üçin niýetlenilendir.

Okuwlar olara netijeli maslahat bermegiň usulyýetini, proseslerini we esaslaryny özleşdirmäge, konsalting önümlerini döretmek we täze bazara çykmak üçin öz tejribelerini ulanmaga, şeýle hem konsalting işewürligini başlamak üçin şertler we talaplar bilen tanyşmaga ýardam eder.

Şeýle hem, onlaýn treninge gatnaşyjylar nädip konsalting hyzmatlaryny kiçi we orta işewürlige satmalydygy hem-de täze müşderileri çekmelidigi we olar bilen berk gatnaşyklary ýola goýmalydygy hakynda maglumat alarlar.

Okuwlar iki tapgyrda geçiriler: 2021-nji ýylyň 20-22-nji we 28-30-njy sentýabry. Gatnaşyjylar bäsleşik esasynda saýlanylar. Okuwlara gatnaşmak üçin degişli görnüşdäki arzany we maglumaty dolduryp, 3-nji sentýabra çenli indiki görkezilen elektron salga ibermek möhümdir: orazovaz@ebrd.com.

Çeşme: tstb.gov.tm

Talyplar üçin karz hyzmaty

 

 

 

Ýene-de okaň

Rus kompaniýalary Türkmenistanda bilelikdäki önümçilige gyzyklanma bildirýär

Ilon Mask ABŞ-nyň milliarderleriniň sanawynda birinji orunda

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

Teswirle