TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ÝB «Şengen» wizasyny alyş düzgünlerini çylşyrymlaşdyrdy

Ýewropa Bileleşiginiň geňeşi Wiza maglumat ulgamyna ( VIS) üýtgetme girizip, daşary ýurtlularyň gysga möhletli «Şengen» wizasyny almagy baradaky düzgünleri çylşyrymlaşdyrdy. Bu karar ÝB-e agza ýurtlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we migrasiýa gözegçilik etmek maksady bilen kabul edildi.

Täze düzgüne laýyklykda, wiza üçin surat arza tabşyrylýan wagty alynmaly. Öň düşürilen suraty resminamalaryň toplumyna goşmak mümkin, ýöne onuň zerurlygy barjak ýurt tarapyndan kesgitlener.

Barmak yzlary 6 ýaşly çagalardan başlap ähli adamlardan alynar. Arza berijiniň biometrik maglumatlary maglumatlar bazasynda 5 ýyl saklanýar, emma häzirki ýaly 12 ýaşa çenli çagalaryň maglumatlary wizanyň möhleti gutarandan soň öçüriler.

Hukuk goraýjy edaralar 14 ýaşdan uly raýatlaryň maglumatlar bazasyna girip bilerler. Ozal bu diňe 18 ýaşdan uly adamlar üçin bolupdy.

Ýöne indi wizalary diňe gysga möhletli däl, eýsem, uzak möhletli, hatda wagtlaýyn ýaşamak üçin hem alyp bolar. Şeýle hem mundan beýläk umumýewropa maglumat bazasy dörediler.

Wiza berilmezden ozal biografik maglumatlar giňişleýin öwrenilýär. Geljekde VIS Ýewropol, Interpol we ÝBniň beýleki maglumat bazalaryna birikdiriler. Ýokardaky üýtgeşmeler 2023-nji ýyla çenli Ýewroparlament tarapyndan tassyklanmagy gerek.

Çempionlar ligasy:Stambul şäheri maksadyna ýetdi

 

 

 

 

Ýene-de okaň

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Teswirle