Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary Ýutta Urpilaýneniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki başlangyçlaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine garaldy.
Hazarüsti ulag geçelgesiniň Utgaşdyryjy platformasynyň (TMTM) işe goýberilmegine aýratyn üns berildi. Platformanyň TMTM-daky taslamalara ýardam berjekdigi hem-de geçelgäni durnukly we täsirli ugra öwürmek üçin giň gerimli tagallalary durmuşa geçirmekde gyzyklanma bildirýän taraplary birleşdirjekdigi nygtaldy.
Söhbetdeşler «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy hereketler» atly GIZ-iň maksatnamasynyň ähmiýetini bellediler. Bu taslama Merkezi Aziýada suw, energiýa we howanyň üýtgemegi boýunça «Team Europe» başlangyjynyň bir bölegi bolmak bilen, ÝB-niň ülňülerini, öňdebaryjy halkara tejribesini ulanmak arkaly ýaşyl durnukly ösüş babatynda Türkmenistanyň tagallalaryna goldaw bermäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň dowamynda sanly aragatnaşyk we suw serişdelerini dolandyrmak pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. ÝB-niň Komissary sanly bileleşme ugrunda «Team Europe» maksatnamasynyň täsirliligine ýokary baha berdi we bu babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem söwda we işewürligi ösdürmek, bilim we saglygy goraýyş, energetika we hukuk goraýjy edaralaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ýaly dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän ikitaraplaýyn we sebitleýin maksatnamalar barada pikir alyşyldy.