MEDENIÝET

Ýazky at çapyşyk möwsümine badalga

Mary atçylyk sport toplumynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi.

Dabara welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçy düzümleri, halk maslahatlarynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýaşuly nesliň wekilleri, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen halypa we ýaş atşynaslar, bagtyýar ýaşaýjylar, talyplar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Möwsümiň ilkinji at çapyşyklaryna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen üçýaşar we ondan uly bedewleriň 100-den gowragy gatnaşdyrylyp, olar 1200-den 2200 metre çenli dürli aralyklarda güýç synanyşdylar. Bedew janköýerleriniň goldamagynda, şatlyk-şowhuna beslenen jemi dokuz çapyşygyň her biri dartgynly, çekeleşikli ýagdaýda geçdi.

Ýene-de okaň

“Gorkut ata” atly halkara kinofestiwaly noýabr aýynda geçiriler

“Owaz”- durşy bilen aýdym-saz    

Ata Watan Eserleri

“Aşgabat” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlaryna täze ýolbaşçylar bellenildi

Hytaýda Türkmenistanyň medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy geçirilýär

Türkmen döredijilik topary Türkiýede iş saparynda

Dünýäniň iň gymmat toýy: Biber 10 million dollar gazandy