Ýatlamalar ýüreklerde halypa!

Halypa kompozitor, sazanda Hakberdi Hudaýberdiýewi ýagşylykda ýatlap…

Ýakyn-ýatlarymyzdan biri aramyzdan gidende köpümiziň serimizde Gurbannazar şahyryň “Adam ýaşap ýörende ýalan ýaly öljegi” diýen setiri gaýtalansa, köpümiziň kalbymyzy şol adam bilen baglanyşykly ýatlamalar gurşaýar. Ykbalyny aýdym-saz sungatyna baglap, bütin ömrüni, ähli ussatlygyny türkmen sungatynyň ösmegine mynasyp goşant goşmaga bagyşlan halypa kompozitor, sazanda, Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Hudaýberdiýewiň aramyzdan gidendigini eşidenimde, onuň hakykatdygyna ynanasym gelmedi. Halypa bilen mundan 1-2 hepde öň telefonda habarlaşanym ýadyma düşende onuň indi aramyzda ýokdugyna ynanmak hasam agyr degdi.

Şahyryň: “Ýaprak gaçýar, gaçma diýip bolanok, Ýöne, iň gowy zat, galýar daragty” diýşi ýaly, wagt öz içine pursatlary, wakalary alyp duşumyzdan göz-açyp ýumasy salymda geçýär. Ýöne gowy zat, şol wagtyň dowamynda edilen işleriň netijesiniň, çeken zähmetiň miwesiniň çar ýana gol ýaýradyp, ençeme ýüreklere täsirini ýetirip bilýänligi, şonuň bilen birlikde, iň esasy zat, ýakymly ýatlamalaryň galýandygydyr. Şeýle ýatlamalar Hakberdi halypanyň ýakynlarynyň, onuň bilen işleşen adamlaryň ýüreginde ebedilik galandyr.

Ýaşan manyly ömründe döreden ajaýyp sazlary, nuranalygy ýaly ýumşak häsiýeti bilen daş-töweregine mähir paýlan Hakberdi halypa pespälligi göwnüne meňzeş güýzde dünýäsini täzeledi. Hakberdi Hudaýberdiýew halypa diýseň halypady. Boş wagty ýok diýen ýalydy. Onuň bilen habarlaşanyňda esasy işinden daşgary, ýa-ha, ses ýazgylar jaýynda ýaşajyk şägirtleri bilen täze aýdymyň üstünde işleýändir, ýa-da teleradioýaýlymlarda gepleşiklere çykyş etmäge gidendir. Garaz, halypanyň aýdym-sazly dünýäden daşarda ýaşamaýandygy bellidi. Halypa kompozitory ilkinji sapar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde döredijilik işgärleri bilen geçirilen duşuşykda ýakyndan görüpdim. Ondan öň diňe mawy ekranda görýän halypa kompozitoryňy ýakyndan görmegiň täsiri elbetde başgady. Şol gezekki duşuşyga kompozitorlar, aýdymçylar, halypa we ýaş şahyrlar gatnaşypdy. Şahyrlaryň goşgularyna aýdym döretmek üçin her şahyr bir kompozitora berkidildi. Meniň goşgularyma saz işlemek Hakberdi halypa tabşyryldy. Şonda begenjimden halypa bilen ilkinji sapar ýakyndan tolgunyp gürleşenim häzirki ýaly ýadymda. Duşuşygyň tamamlanaryna mähetdel halypa ýaş aýdymçy Parahat Pürjäýew bilen ýanyma gelip, Watan hakynda döreden goşgularym bilen gyzyklandy. Sungata berlen halypanyň işine erjelligini şondan hem görmek bolýardy. Goşgularymy elektron görnüşinde ugratjakdygymy aýdyp, ol ýerden gaýdanymdan soňra hem şeýle uly halypa bilen işleşmegiň miýesser edendigine ýolboýy begenip öýe geldim. Dessine goşgularymyň arasyndan özüme has ýakynlaryny saýlap, halypanyň elektron salgysyna ugratdym. Biraz gün geçensoň, el telefonyma Hakberdi halypa jaň edip, Watan hakdaky goşgularymyň biriniň aýdym bolandygyny, ony teleýaýlymda ýaş aýdymçy Parahat Pürjäýewiň ýerine ýetirýändigini aýdyp, meni gutlady. Gutlagynyň yzyndan hem täze goşgularymyň höwrüniň köp bolmagyny, döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şondan köp wagt geçmänkä-de, şol aýdym “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan şekile geçirildi. Şonda halypanyň ýaş zehinlere goýýan hormatyna begendim. Çagalar üçin ençeme sazlary ýazan Hakberdi halypa bilen soňra-da, birnäçe aýdymlaryň üstünde işledik. Çagalar üçin aýdyma goşgy ýazyp bermegimi haýyş edende özümem çaga ýaly begenerdim.

Okap bilersiňiz  Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

Halypa kompozitora geçen ýylda “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at dakylanda, Şa serpaýy bilen gutlap, onuň bilen sungat ýoluna gelşi dogrusynda «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com üçin söhbetdeş bolupdyk. Hakberdi halypa söhbetdeşlik teklibimi telefon arkaly aýdanymda bir-iki sagada tamamlamagy meýilleşdiripdik. Söhbetdeşlik teklibimize hormat edip, redaksiýa gelen Hakberdi halypa işiniň köpdügine garamazdan, çaý başynda sungat ýoluna gelşi, işleşen halypalary, şägirtleri dogrusynda täsirli gürrüňleri berdi. Beren sowallarymyň hemmesine düýpli jogaplary beren halypa söhbetdeşligimiziň meýilleşdirilen wagty geçenem bolsa, soňky sowalyma çenli jogapsyz goýmady. Hakberdi halypa söhbetdeşligimiziň barşynda ýaşlykdan ussat halypalar bilen duşuşyp, olaryň döredijilik maslahatlaryny, döreden nusgalyk saz eserlerini ýakyndan diňlemek miýessser edendigini, bagtyýarlyk döwrümizden ylham alyp ajaýyp sazlary halka ýetirýändigini buýsanç bilen belläpdi. Türkmen saz sungatynyň dünýä ýaýylmagyna uly goşant ussat halypa Nury Halmämmedowdan sapak alan Hakberdi Hudaýberdiýew ýaşajyk zehinlere halypalyk etmegiň täsiri dogrusynda joşgunly gürrüňleri beripdi. Halypanyň döredijiligi bilen ýakyndan tanyşsam-da, bu gezek söhbetdeşligi taýýarlamak aňsat düşmedi. Sebäbi Hakberdi aga sungat ýolunda bir däl-de, birnäçe halypalaryň mekdebi bilen tanyşýar, olar bilen döredijilik gatnaşygyny saklaýar. Munuň netijesinde halypa kompozitoryň döreden saz eserleri halkymyzyň göwnünden turup, diňleýjileriň gyzgyn söýgüsini gazanmagy başardy. Halypa hakynda taýýarlan söhbetdeşligimiň onuň göwnünden turandygyny özünden eşidenimde, zähmetimiň ýerine düşendigine begenjimiň çägi bolmandy. Halypa bilen soňam birnäçe aýdymlaryň sözlerini işledik. Soňam birnäçe ýola didarlaşmak miýesser etdi. Hakberdi aga her bir şägirdini öz çagasy ýaly görerdi. Ol hal-ahwal soraşanda maşgalamy ýakyndan tanamasa-da, hökman olara salamyny aýdardy. Diňe bir döredijilikde däl, durmuş babatynda-da maslahatyny gysganmazdy. Hakberdi aganyň ajaýyp häsiýetleri eserleriniň süňňüne siňipdi. Şonuň üçinem, halypa kompozitor aramyzdan biwagt gitse-de, döreden eserleri bilen ýüreklerde ýaşar.

 Halypanyň aramyzdan gidendigini eşidenimde, kalbymdan çykyp, kagyz ýüzüne geçiren setirleri okyjylar bilen paýlaşmak isledim. Halypa iman baýlygyny dileýärin! Ýatan ýeri ýagty bolsun!

 

Aýdym-saz hemrady köňül köşgünde,

Ylham nury görünerdi keşbinde,

Ýürek gobsunardy sazyn eşdende,

Jaýy jennet, kalby rehnet halypa.

 

Zehinden zehini zyýada gördi,

Şägirtlerin goldap, ogly deý söýdi,

Halypalaň ýolun ýüregne guýdy,

Jaýy jennet, kalby rehnet halypa.

 

Eserleriňiziň gymmaty başga,

Şägirtleriň size hormaty başga,

Çyn ussatlaň ýoly, sungaty başga,

Jaýy jennet, kalby rehnet halypa,

Unudylmaz size hormat halypa.

 

Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

Halypa sazanda aradan çykdy

Halypa bilen gurnalan söhbetdeşligi okamak üçin

Hakberdi Hudaýberdiýew: Zehin bilen zähmet sazlaşanda…