TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ýatda galan transfer täzelikleri…

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlaryny häzirki wagtda badalga aldy. 2020-nji ýylyň transfer penjiresi 5-nji oktýabrda ýapylar, şu nukdaýnazardan ähli toparlar gyssagly öz düzümlerini güýçlendirmek üçin birnäçe transferlary amala aşyrýarlar. Geçen hepde-de bolsa Ýewropa futbolunda birnäçe uly transferlar üstünlikli amala aşyryldy. Biz bolsa söýgüli futbol janköýerlerimizi, bu transferlar bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

Garet Beýl  (“Real Madrid” – “Tottenhem”)

“Real Madrid” topary bilen 7 ýyllyk başdan geçirmelerinden soň, 1 möwsüm karzy bilen Tottenhem şäherine dolanyp gelen Garet Beýl karýerasyny Premýer-ligada dowam etdirer. Bu barada 31 ýaşly futbolçynyň dolandyryjysy Jonatan Barnettiň “BBC” teleýaýlymyna beren beýanatynda belläp geçdi. Jonatan Barnet:“Tottenhamda üstünlik gazanar. Soňra Garet galmak islär we şertnama aňsat bolar. “Tottenhem” onuň bilen oýnamak isleýän topary” diýip, belledi. 2013-nji ýylda “Real Madride” goşulan ýyldyz oýunçy, 100 million funt sterling tölegi bilen dünýä rekordyny täzeledi. Bu topar bilen Beýl: 4 gezek Çempionlar ligasyny, 4 gezek FIFA Klublar dünýä çempionatyny, 3 gezek UEFA Super kubogyny, 2 gezek La Ligada çempionatyny we 1 gezek Ispaniýanyň Şa kubogyny we Ispaniýanyň Super kubogyny gazandy.

Tiago Alkantara (“Bawariýa” – “Liwerpul”)

Çempionlar ligasynyň çempionatynyň geçen möwsüminde çempion bolan “Bawariýa” toparynyň düzüminde çykyş eden Tiago Alkantara, täze möwsümini Angliýada dowam etdirmegi makul bildi. Tiago Angliýanyň “Liwerpul” futbol toparyna transfer boldy. Ýewropada “Barselona” toparynyň ýarym goragçysy Serhiýo Busketsdan soňra iň öňkde hasaplanylýan Tiago Alkantara özüniň ilkinji oýunyny “Çelsi” toparyna garşy geçirdi. Duşuşyk 2:0 hasaby bilen “Liwerpul” topary ýeňiş gazandy. Ispaniýaly ýarymgoragçy oýundan soň jemi 75 pas geçirip tutuş bir oýunda “Çelsi” toparynyň oýunçylaryndan köp pas geçirmegi başardy. Şeýle hem Premýer-liganyň rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2004-2005-nji ýyllar möwsüminden bäri hasaplanýar we liganyň taryhynda başga bir futbolçy 45 minudyň dowamynda iň köp pas geçirişi boýunça bu görkezijini gazanyp bilmedi.

Gonzalo Iguain (“Ýuwentus” – “Inter Maýami”)

Deýwid Bekhamyň ýolbaşçylyk edýän “Inter Maýami” topary “Ýuwentus” toparyň öňki hüjümçisi Gonzalo Iguain bilen şertnama gol çekdi. Ondan öň 32 ýaşly argentinalynyň Florida kluby bilen 2022-nji ýyla çenli şertnama baglaşandygy habar berildi. “Inter Maýami toparyna hoş geldiň, Gonzalo Iguain”! diýip toparyň resmi saýtynda gutlag bilen beýan edilýär.

Bertrand Traore (“Lion” – “Aston Willa”)

Fransuz “Lion” futbol toparynyň web sahypasyna görä, Burkina Faso döwletiniň hüjümçisi Bertrand Traore “Aston Villa” toparyna geçendigi habar berýär. 25 ýaşly oýunçynyň transferi 18,4 million ýewro bolandygyny we bonuslar sebäpli ýene 2,2 million artyp biljekdigini mälim edildi. Bertrand Traore geçen möwsümde “Lion” topary üçin 35 oýunda dört gezek gol geçirmegi başardy.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Katar-2022: Ýaponiýa pleý-off tapgyrynda, Germaniýa öýüne dolandy

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Teswirle