Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energetikany ulanmak giňden goldanylýar, 2022-2023-nji ýyllar üçin wodorod energetikasy ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň Ýol kartasy tassyklanylyp, ýokary öndürijilikli eksporta gönükdirilen wodorod energetikasy pudagy döredilýär. Wodorod önümçiligi dünýäniň ösen ýurtlarynda «geljegiň ýangyjy» strategiýasy hökmünde işlenip taýýarlanylýar.
Wodorod himiki element bolup, himiki elementleriň periodik ulgamynda «H» belgi bilen kesgitlenip, Dmitriý Mendeleýewiň elementleriň tablisasyndaky iň ýeňil elementleriň biridir. Adaty temperaturada we basynçda wodorod reňksiz, yssyz, tagamsyz hem-de çalt ýanýan elementdir. Wodorod Ýeriň ýüzünde we kosmosda iň köp ýaýran elementleriň biridir.
Häzirki wagtda wodorod öndürmegiň ykdysady taýdan iň amatly görnüşi ony gazylyp alynýan ýangyçdan almak bolup durýar. Pes uglerodly tehnologiýalary ulanmak bilen alnan wodorod sebäpli senagat pudaklarynda uglerod zyňyndylarynyň derejesini peseltmek mümkindir. Wodorodyň alternatiw ýangyç çeşmesi hökmünde özüneçekiji tarapy sarp ediş, baha we ýangyç öýjükleri nukdaýnazaryndan benzinden 80 göterime çenli netijeliligidir. Wodorod ýangyjy bilen işleýän elektrik hereketlendirijisi içki ýangyç hereketlendirijisinden iki-üç esse çalt we tygşytlydyr.
Ösen ýurtlaryň köpüsinde wodorod energiýasynyň üstünde işlemek ylym we tehnologiýany ösdürmek üçin ileri tutulýan ugur hökmünde kabul edilýär. Wodorod tehnologiýasy boýunça geňeşiň hünärmenleri soňky hasabatynda 2050-nji ýyla çenli wodorodyň dünýädäki energiýa zerurlyklarynyň 18 göterimini düzjekdigini mälim etdiler.
Ýurdumyzda «ýaşyl» ösüş strategiýasy öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara daýanýan durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň gurallarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini özleşdirmek, ýurdumyzda gurulýan senagat desgalarynda häzirki zaman, ekologik taýdan arassa we tygşytly «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmak babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýän innowasion tehnologiýalary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek, tebigy baýlyklary rejeli, tygşytly peýdalanmak döwrüň möhüm talaby bolup, ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde wajyp orny eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljek ýyllarda zyýanly galyndylaryň zyňyndylaryny kem-kemden azaldyp, az uglerodly we gaýtadan dikeldilýän energiýa geçilmegi göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertler bar. Gün, ýel we suw energiýasy ýaly tebigy çeşmeleriň giňden peýdalanylmagy hem-de önümçilige ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «ýaşyl energetikany» ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýasyna» hem-de «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyna» laýyklykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda energiýa we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamaga uly maýa goýumlary goýulýar. Olaryň hatarynda daşky gurşawy goraýan we durmuş-ykdysady ösüşi gazanmaga ýardam edýän «ýaşyl energetika» taslamalaryny görkezmek bolar.
Toýly Durdygylyjow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň Geologiýa fakultetiniň Geologiýa we geohimiýa kafedrasynyň Nebitiň we gazyň geologiýasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.