TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

“Ýaşyl” energetika uly ähmiýet berilýär

Soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly, hususan-da, wodorod energiýasy hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmaga uly üns berilýär.

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA) alternatiw energiýa çeşmeleriniň önümçiligini ýola goýmak ugrunda tagalla edýär. Tutuş dünýäde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmak üçin ummasyz möçberde maýa goýumlaryny gönükdirmegiň zerur bolup durýandygyny belleýär. 2030-njy ýyla çenli şeýle energiýa çeşmelerini ulanmak üçin häzirden maýa goýumlary artdyryp, 5.7 trillion dollara çenli maliýe serişdelerini özleşdirmek gerekdir.

Dünýä jemgyýetçiligi howanyň üýtgemegine garşy göreşmek maksady bilen “ýaşyl” ykdysadyýet ugruna uly ähmiýet berýär. Bu maksatlara ýetmek üçin elektromobilleriň önümçiligini artdyrmak we beýleki alternatiw energiýaly önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem wodorod energetika ulgamyna aýratyn ähmiýet berler.

Energiýanyň arassa önümçiligine geçmek köp sanly peýdaly taraplary hem öz içine alýar. 2030-njy ýyla çenli 85 million täze iş orunlarynyň döremegine getirer.

Golaýda, paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda hem wodorod energetikasynyň geljegi barada pikir alşyldy.

Wodorod tehnologiýalary boýunça Geňeşiň bilermenleriniň maglumatlaryna görä, 2050-nji ýylda wodorod tutuş dünýäde sarp edilýän energiýa çeşmeleriniň 18 göterimini düzer. Käbir çaklamalara görä, şol ýyla çenli dünýäde wodorodyň sarp ediliş möçberi ýyllyk 370 million tonna barabar bolar.

Dünýäde milli wodorod strategiýasyny işläp düzen ilkinji ýurt Ýaponiýadyr. Bu ýurt 2017-nji ýylda bu strategiýany taýýarlady. 2019-njy ýylda Koreýa Respublikasy wodorod energetikasyny ösdürmek üçin strategik meýilnamalary taýýarlady.

Biziň döwletimizde hem wodorod energetika pudagyny döretmek we ösdürmek maksady bilen, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Geljekde netijeli energiýa çeşmelerini ösdürmekde we howany zyýanly zyňyndylardan arassalamak ugrundaky çärelerde wodorod energetikasyna uly orun degişli bolar diýlip çaklanylýar. Aslynda, energiýanyň bu täze görnüşini özleşdirmek nazary taýdan hem, amaly taýdan hem örän çylşyrymly meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Wodorod energiýasy, köplenç, nebiti gaýtadan işleýän pudakda, himiýa senagatynda we metallurgiýada ulanylýar.

Ýurdumyzyň howa we geografik şertleri energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Ylaýta-da, şeýle çeşmeler oba ilatyny we merkezden uzakdaky ýerleriň energoüpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam edýär.

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň içinde iň kuwwatlysy Gün energiýasy hasaplanýar. Watanymyzda Gün energetikasyny ösdürmek üçin diýseň amatly şertler bar. Türkmenistanda ýylyň dowamynda 300-den gowrak güneşli gün bolup, gije-gündiziň ýagty wagty 12-14 sagada barabardyr.

Diýarymyzda ýel energetikasyny peýdalanmagyň hem amatly mümkinçilikleri bar. Ýurdumyzyň günorta-günbatar we demirgazyk-günbatar bölegi ýelli sebit hasaplanýar. Hazar deňziniň çäklerinde ýeliň ortaça tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýär. Bu görkeziji daglyk sebitlerde sekuntda 4-5 metre, Garagum sährasynda bolsa sekuntda 5 metre barabardyr.

Gülnar Nurmyradowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ 

Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniñ 1- nji ýyl talyby.

 

Nebitgaz pudagy ösüş ýolunda

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Ýaşlar we döwrebap bilim

Ata Watan Eserleri

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Teswirle