SIZDEN GELENLER

Ýaşlaryň bilimini ösdürmekde dil biliminiň orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiz ylymly-bilimli ýaşlary Watanyň daýanjyna deňemek bilen, ýurdumyzda ösüp gelýän nesliň geljekde gerekli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda ähli zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk guralmagy, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan bilim we terbiýeçilik edaralarynyň ýaşlaryň ygtyýaryna berilmegi bolsa dünýäniň ösen tejribesinden we täzeçil tehnologiýalardan baş alyp çykýan ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelmegine getirdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna dahylly möhüm meseleler bilen bir hatarda ýurdumyzda bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns çekilmegi biziň her birimizde buýsanç we guwanç duýgusyny döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli geňeşiň barşynda eden taryhy çykyşynda: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmegi, mekdep-gimnaziýalary açmagy hem möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýen sözleri ykbalyny nesil terbiýesine baglan bilim işgärlerinde uly bagtyýarlyk duýgularyny oýardy.

Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek esasy ugurlaryň biridir. Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köp taraply ösmegine, dünýä-garaýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny hasda giňelýär. Şol bir wagtda, ylmyň, tehnikanyň, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bir bitewilige öwrülendigine şaýatlyk edýär.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty netijesinde dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz ene dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy daşary ýurt dilleri özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär.

Döwrüň özgermegi hem-de aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kämilleşmegi bilen teleýaýlymlar arkaly ýa-da habar beriş serişdeleriniň beýleki görnüşleriniň täsiri bilen, ýaşlar bu gün rus we iňlis dilleri bilen bir hatarda, fransuz, hytaý, ispan, italýan, arap, pars we beýleki dilleri öwrenmäge hem ýykgyn edýärler. Elbetde, bu ýagdaý döwlet tarapyndan ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegine berilýän ähmiýetden hem gözbaş alýar.

Daşary ýurt dilini öwrenmek bilen şol dile mahsus sözleri, grammatik hem-de fonetik aýratynlyklary ele almakdan ötri has uly dünýä aralaşýandygyňa, bilimiňi göz öňüne getirişiňden hem has çuňlaşdyrýandygyňa, bir söz bilen aýdanyňda, täze dünýäniň gapysyndan ätleýändigiňe akyl ýetirýärsiň. Çünki daşary ýurt dilini öwrenmek diýmek, şol halkyň edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny, milli ýörelgelerini, taryhyny, umuman, aňyýetini öwrenmek we özleşdirmek diýmekdir. Bu bolsa dil öwrenýän islendik adamyň täze pikir-garaýyşlaryň üstünden barmagyna we gözýetiminiň giňemegine ýol açýar. Şunlukda, dil öwrenýäris diýsegem diýýäris welin, aslynda, ýeke bir dil däl-de, täze dünýäni öwrenýäris.

Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar ýaşlara has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda, dünýä ösüşi bilen deň gadam urmaga ýardam edýär. Döwletimiz tarapyndan bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlar, sanly tehnologiýalar, akylly enjamlar bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlara bilim berlişiniň hilini ýokarlandyryp, ony dünýä derejesine ýetirmäge şert döredýär.

Nurana geljegimiz bolan ýaş nesle dünýä dilleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilmegi, olaryň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Gurbanbike Garaşowa, 

Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň rus dili mugallymy. 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty

Hakyda göwheri – şöhratly mirasyň beýany

Milli däp-dessurlarymyz – terbiýe ojagy

Milli lybaslarymyz – milli buýsanjymyz