TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ýaşlara bolan uly ynam

Bu gün­ki gün eziz Wa­ta­ny­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­le­riň ýaş­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy diý­seň buý­san­dy­rýar. Ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýaş­la­ryň Wa­ta­na we­pa­ly, ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ug­run­da giň möç­ber­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da ýaşlaryň döw­re­bap bi­lim al­mak­la­ry üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologiki täzelikleri döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini, olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň düýpli we amaly ylymlar ulgamynda öňdeligi eýelemäge çalyşmagy, barlaglaryň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagynyň depginleriniň güýçlendirilmegi innowasiýalar hem-de ösüş döwrüniň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar.

Ýur­du­myz­da «Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ryň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mek­le­ri üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Türk­men ýaş­la­ry­nyň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni kä­mil bil­me­giniň ola­ryň dün­ýä de­re­je­sin­de bi­lim al­ma­gyn­da, öz Wa­ta­ny­nyň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy, me­de­ni ösü­şi­nde we onuň ab­ra­ýy­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­de ýo­kar­lan­­ma­gyn­da äh­mi­ýe­ti ulu­dyr.

Ýaş­la­ryň ene di­li­ni, iň­lis we rus dil­le­ri­ni kä­mil bil­me­gi­ni ga­zan­mak ba­ra­da bi­lim ul­ga­my­nyň öňün­de goý­lan we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Şol we­zi­peler esa­syn­da ýaş­la­ry­myz da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni yh­las bi­len öw­ren­ýär­ler. Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mek ta­lyp ýaş­la­ry­my­zyň göz­ýe­ti­mi­ni gi­ňeld­ýär, so­wat­ly­ly­gy­ny ös­dür­ýär. Ýaş­lar bu dil­le­ri öw­ren­mek arkaly da­şa­ry ýurt­la­ryň me­de­ni­ýe­ti, ýa­şaý­şy bi­len giň­den ta­nyş­ýar. «Dil adam­zat ara­gat­na­şy­gy­nyň mö­hüm se­riş­de­si­dir» di­ýip, ýö­ne ýe­re aý­dyl­ma­ýar. Ýaş­la­ryň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni bil­me­gi ola­ryň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ni, yl­my ki­tap­la­ry öw­ren­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.

Täze taryhymyza nazar aýlasak, hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşy döwrüň ýaşlar baradaky syýasatynyň aladalaryna beslenendir. Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelenmegine, olaryň ruhy-ahlak, medeni ösüşlerine aýratyn üns berýär. Ýaşlarymyzyň bilim derejeleriniň artyp, halkara bäsleşiklerde üstünliklere eýe bolmaklary bu ugurdaky işleriň talabalaýyk guralandygyny alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz ýaş maşgalalaryň hukuk taýdan goraglylygyna, jaý bilen üpjünçiligine, sagdyn durmuş ýörelgesine hem uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň daşary ýurtlarda bilim almaklary üçin döwlet tarapyndan doly mümkinçilikler döredilýär.

Ýaş nesliň kämil kemala gelmegi üçin tükeniksiz alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys. Goý, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bilim ulgamy täze üstünliklere eýe bolsun!

Gudurat Şyhlyýew, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 1-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle