TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ýaşlar – Watanyň geljegi

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň her bir gü­ni türk­men ta­ry­hy­nyň sa­hy­pa­la­ry­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­ýar. Ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň aba­dan ýa­şaý­şy, ýaş­la­ry­my­zyň döw­re­bap şert­ler­de ylym we bi­lim al­ma­gy ug­run­da döw­let de­re­je­sin­de ala­da­lar edil­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, eziz Di­ýa­ry­myz­da bo­lup geç­ýän her bir ta­ry­hy wa­ka­ hal­ky­my­zyň ru­hu­ny be­len­de gö­ter­ýär.

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda eziz Diýarymyz ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň biri bolmak bilen, iri möçberli taslamalary we gurluşyklary üstünlikli durmuşa geçirýär. Arkadagly Serdarymyzyň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda ýaşlarymyzyň ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýändigini aýratyn bellemegi buýsançly ýaşlaryň kalbyny has-da galkyndyrdy.

Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň VII gu­rul­ta­ýy­nyň al­tyn güý­züň il­kin­ji gü­nün­de — Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni ge­çi­ril­me­gi­niň öze­nin­de çuň­ňur ma­ny-maz­mun bar. Ýaş­lar oka­mak, öw­ren­mek, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mek bi­len ata Wa­ta­ny­my­zyň bi­lim bin­ýa­dy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ýar­lar. Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň ýo­ka­ry hil­li bi­lim al­ma­gy, jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­na iş­jeň gat­naş­ma­gy üçin zerur şert­le­ri dö­ret­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bi­lim bin­ýa­dy berk­den tu­tu­lan ýur­dumyzyň eş­ret­li gel­je­gi aý­dyň­dyr.

Gu­rul­taý­da «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň ka­bul edil­me­gi Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­nyň döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ýan­dy­gy­ny, ola­ryň öňyn öz­gert­me­le­re iş­jeň çe­kil­mek­le­ri­ne ýar­dam be­ril­ýän­di­gi­ni ke­pil­len­dir­ýär. Onuň mak­sa­dyn­da Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy, me­de­ni dur­mu­şy­na ýaş­la­ryň iş­jeň çe­kil­me­gi­ni üp­jün et­mek go­ýul­ýar. Di­ýa­ry­myz­da te­le­ke­çi­lik işi­ni ös­dür­mek ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu asylly işleri talabalaýyk dowam etdirmek geljek nesle bagly bolup durýar. Şoňa görä-de, döwür bilim ulgamyndan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin ýokary hünär ussatlygy bolan, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan ylymly-bilimli, watansöýüji hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär.

Şonuň üçin ähli ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň täze döwrebap usullary ornaşdyrylyp, bu ugurda uly işler alnyp barylýar.

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksadaokgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesine girişen pursatynda hem belläp geçipdi. Ýaşlarymyz munuň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümiziň bagtyýar günleriniň her bir pursatynda janly şaýatlary bolýar.

Bibimerýem Gulamowa, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle