DÜNÝÄ

«Ýaşlar-Watanyň daýanjy» türk dilinde

Golaýda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşk toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň türk diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy hem-de Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde guralan çäre Ankarada işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny, dostlukly ýurduň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, medeni we ylmy jemgyýetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň, Türkiýede kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekillerini, talyp ýaşlary bir ýere jemledi.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky başarnyklaryna bagyşlanan kitabynyň türk diline terjime edilmeginiň dostlukly ýurduň okyjylaryny, aýratyn-da, ýaş nesillerini Türkmenistanda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň mazmuny bilen içgin tanyşdyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtadylar.

Çäräniň ahyrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşk toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasyna Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň türk dilindäki neşirleri sowgat berildi.

Ýene-de okaň

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine girişdi