TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ýaşlar – Watanymyzyň geljegi

Ýurdumyzda ýaşlar hakdaky alada döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilmegi, şanly ýylyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň bolmagy we onda möhüm wezipelere garalyp, degişli çözgütleriň kabul edilmegi ýaşlaryň bagtyýarlygy ugrunda edilýän aladanyň guwançly alamatydyr.

Berkarar Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýän, ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylýan döwründe daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenleriň taýýarlanylmagyna möhüm ünsüň berilmegi diýseň begendirýär.

Arkadagly Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirip, ýurdumyzyň beýik özgertmeler ýoly bilen öňe gitmegini hut ýaş nesiller bilen baglanyşdyrýar. Türkmen tebigatynyň gözel ýerinde — taryhy künjekde «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilýän Arkadag şäheriniň gurluşygynda ýaşlaryň teklipleriniň, garaýyşlarynyň nazara alynmagy, şeýle-de bu şähere wezipä bellenilen ýolbaşçylaryň aglabasynyň ýaşlaryň bolmagy juda buýsandyrýan ýagdaýdyr.

Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da ösüp gel­ýän ýaş nes­le döw­re­bap bi­lim we ter­bi­ýe ber­mek üçin has amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi, döw­re­bap okuw mek­dep­le­ri­niň gu­rul­ma­gy, okuw-teh­ni­ki se­riş­de­ler bi­len üp­jün edil­me­gi ýaş­la­ryň dün­ýä de­re­je­sin­de bi­lim al­ma­gyna, dün­ýä­ga­raý­şy­ny gi­ňelt­me­gine, giň möç­ber­li bi­li­miň ösü­şi­ni üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ma­ga, ýur­duň ägirt uly kuw­wa­ty­ny do­ly dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Okat­ma­gyň in­te­rak­tiw usul­la­ryn­dan peý­da­lan­mak müm­kin­çi­lik­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi ýaş­la­ryň yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny üs­tün­lik­li öz­leş­dir­megine, göz­ýe­ti­mi­ni gi­ňelt­mä­ge, ylym äle­mi­ne bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny dö­ret­mä­ge giň ýol aç­dy. Türk­me­nis­ta­nyň ylym-bi­lim eda­ra­la­ry­nyň in­ter­net ul­ga­my­na bi­rik­di­ril­me­gi bol­sa Wa­ta­ny­my­zyň ylym­da we bi­lim­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni dün­ýä ýü­zü­ne gör­kez­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.

Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler top­lum­la­ýyn we yzy­gi­der­li hä­si­ýe­te eýe­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­myz­da hä­zir­ki za­ma­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän yl­my-teh­no­lo­gik en­jam­la­r we okuw-teh­ni­ki se­riş­de­le­r bi­len üp­jün edi­len tä­ze ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň, okuw mek­dep­le­ri­niň, ça­ga­lar we ýaş­lar üçin çe­per­çi­lik mer­kez­le­ri­niň, sport meý­dan­ça­la­ry­nyň bi­na edil­me­gi ony do­ly tas­syk­la­ýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen pähimli sözleri bolsa, ynsan kämilligi babatda alnyp barylýan ähli işleri, ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, täze iş ýerleri bilen üpjün edilmegini, sportdur bedenterbiýe bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolmagyny, adamzadyň saglygyny gorap saklamak barada geçirilýän ähli ajaýyp başlangyçlary özünde jemleýär. Mähriban halkymyz üçin eşretli ýaşaýşy döredip berýän hormatly Prezidentimiziň tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Aýjemal Ýazowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle