Şu gün — 28-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi. Nobatdaky foruma Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň ähli künjegindäki wekilleri, öňdebaryjy ýaşlar, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Gurultaý açylmazyndan ozal, oňa gatnaşyjylar köşgüň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri we ýeten sepgitleri, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy barada giňişleýin maglumat berýän gymmatlyklar bar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýy açyk diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirilenden soňra, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Soňra gurultaýyň gün tertibi boýunça çykyşlara orun berildi. Bellenilişi ýaly, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çykyş edenler 21-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşynyň türkmen ýaşlarynda uly ruhubelentligi, maksadaokgunlylygy artdyryp, beýik ynamy ödemek hakdaky düşünjelerini has-da pugtalandyrandygyny bellediler.
Nobatdaky gurultaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meselelerine seredildi hem-de degişli Kararnama kabul edildi. Munuň özi Ýaşlar guramasynyň iş usullarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar.
Forumyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan öňdebaryjy ýaşlara sowgatlar gowşuryldy.