TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ýaşlar – eziz Watanymyzyň geljeginiň gurujylarydyr

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan ata Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrüň talaplary esasynda bilim almagy, hünär öwrenmegi, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk bagtyndan nurlanan berkarar Watanymyzyň egsilmez kuwwaty bolup durýan ýaş nesillerimize halkara ülňülerine laýyk gelýän bilim bermekde multimedia tehnologiýalarynyň, internet ulgamynyň, kämil kompýuter enjamlarynyň hem-de döwrebap okuw-görkezme esbaplarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň çäkleri giňeldilýär.

Soňky ýyllarda tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» bilimiň ähli basgançaklaryna degişli bolup, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, dünýäniň ylmy-innowasion, ruhy-medeni ugurlar babatda öňdebaryjy tejribeleri giňden öwrenmäge itergi berdi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçirilmeginiň hem çuňňur manysy bardyr. Hormatly Prezidentimiziň gurultaýa gatnaşmagy we taryhy söz sözlemegi hem-de şol forumda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň tassyklanmagy ýurdumyzda ösüp gelýän nesil hakdaky döwlet syýasatynyň rowaçlanýandygyndan we olara bildirilýän uly ynamdan nyşandyr. Döwlet derejesinde ýaşlar syýasatyna uly üns berilýändigi hem, esasan, şunuň bilen baglydyr. Arkadagly Serdarymyz gurultaýda ýaşlara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Bagtyýar ýaşlarymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm başlangyçlary öňe sürýärler. Ylym-bilim, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar».

Şonuň üçin ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär taýdan kämilleşmegi ugrunda giňden tagallalar edilýär. Bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň, jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijidir. Bu günki gün ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplary geljege şamçyrag bolan ylmyň belentliklerine içgin aralaşýarlar. Iň döwrebap okuw usullary ornaşdyrylan, häzirki zamanyň tehniki enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar özlerini bagtly duýýarlar.

Oňat okamak, köpçülik işlerine, sport çärelerine işjeň gatnaşmak bilen, döwlet Baştutanymyzyň özleri baradaky aladalaryna mynasyp jogap berýärler. Ýurdumyzda hem-de halkara derejede geçirilýän dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup, öz zehinlerini, başarnyklaryny görkezýärler.

Bibimeryem Agamyradowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Bilim – röwşen geljegimiziň gözbaşy

Täsin geografiýaly toprak

Üstünligi ýola goýmak derejesi

Teswirle