TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Ýaş ekologlaryň halkara bäsleşigi

5-nji dekabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ekologiýa dersi boýunça onlaýn usulda halkara internet olimpiadasy öz işine başlady. Oňa Russiýanyň, Hytaýyň, ABŞ-nyň, Awstriýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Wengriýanyň, Rumyniýanyň, Malaýziýanyň, Türkiýäniň, Indoneziýanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň ýokary okuw mekdepleriniň 40-syndan, şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 24-sinden jemi 267 talyp gatnaşdy. Bäsleşik professor-mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň bilelikde ylmy pikir alyşmaklarynda, talyplary döredijilik işine höweslendirip, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmakda, zehinli talyplary kesgitlemekde aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilen ekologiýa olimpiadasynda populýasiýalaryň ekologiýasy we biosfera; adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri; senagat ekologiýasy; ekologik monitoring; ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalar ugurlary boýunça ýumuşlary çözmekde türkmenistanly we daşary ýurtly talyplar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşikde üstünlikli çykyş eden talyplaryň 16-sy birinji, 18-si ikinji, 45-si bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Bu bäsleşikde türkmen talyplary has-da tapawutlandylar. Olaryň 6-sy birinji, 10-sy ikinji, 36-sy bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde internet olimpiadasynyň ýapylyş dabarasy boldy. Onda ýeňiji diýlip yglan edilen zehinli talyplara degişli diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türkiýede mekdepler ýene-de 1 hepdeden açylýar

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap binasy gurlar

Sanawdaky Dokuz Eylül Uniwersiteti : Amerika we Türkiýede attestat bilen okamak

Baş Redaktor

Teswirle