TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Ýaş döredijileriň ýürek owazy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan “Arkadagyň ylhamyndan nurlanan — Aziýanyň merjeni sen, Aşgabat” atly goşgular ýygyndysy neşir edildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň goşgulary ýerleşdirilen bu kitap Aşgabadyň 140 ýyllygyna ajaýyp toý sowgady boldy. Kitabyň adyndan görnüşi ýaly, ondaky şygyrlar, esasan, iki  temadan söhbet açýar: birinjisi — Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen işleriniň şahyrana beýany, ikinjisi bolsa döredilmeginiň 140 ýyllygy joşgunly dabaralara beslenip bellenen Aşgabadyň gözellikleriniň waspy. Şygyrlarda Gahryman Arkadagymyza hem-de gözel Aşgabadymyza buýsançdan pürepür ýaş zehinleriň ýürek sesi ýaňlanýar. Bu barada Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri Amannepes Şyhnepesow kitaba ýazan sözbaşysynda: “Kitapda Gahryman Arkadagymyz hem-de Aşgabat biri-birinden aýrylmaz iki belentlik we iki gymmatlyk bolup dikelýär” diýip belleýär.

Şygryýet bilen meşgullanýan ýaşlaryň onlarçasynyň ylym-bilim ojagy — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýaş şahyrlarynyň döredijiliginiň geljekki menzillerine badalga beren bu kitap edebiýat meýdanynyň täze nesliniň ukyp-başarnygyny açyp görkezýändigi bilen tapawutlanýar.

30 sany baýrak Size garaşýar: Sanly ulgam barada Makala bäsleşigi

 

Ýene-de okaň

Döwlet baýraklarynyň eýelerine söz berýäris

“Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Teswirle