BMG-niň ÝUNISEF edarasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilelikde Türkmenistanyň iň ýaş halkyna çagalykdan sagdyn endikleri ösdürmäge kömek etmek üçin “Ýartygulak we onuň dostlary” atly çagalar kitabyny neşir etdi. Bu barada ÝUNISEF edarasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Meşhur milli gahryman Ýartygulak we onuň dostlary interaktiw oýunlar, reňkleýji suratlar we krosswordlar arkaly çagalary sagdyn durmuş ýörelgesine alyp barýarlar. Şadyýan, reňkli we gyzykly kitap esasan 4-10 ýaş aralygyndaky çagalar üçin döredildi, ýöne her kim kiçijik gahrymanyň we dostlarynyň gymmatly maslahatlaryndan peýdalanyp biler.
Türkmen we rus dillerinde mugt çap edilip bilinjek göçürmäni ýükläp almak üçin ÝUNISEF Türkmenistan web sahypasyna girmegiňizi haýyş edýäris.