TESWIRLER

Ýaragsyzlanmagyň ähmiýetini güýçlendirmek

2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň (ÝSHGehŞG) Taýýarlyk toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbo bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝSHGehŞG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan hem ýaragsyzlanmak we ýaýratmazlyk meseleleri babatynda Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň işjeň häsiýeti bellenilip geçildi. Taraplar ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygynyň meseleleri babatynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň giňledilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.

Ýaýradylmazlygyň, ýaragsyzlanmagyň we ýadro howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň esasy guralyna öwrüljek Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnamanyň güýje girmeginiň ähmiýeti barada gürrüň etmek bilen taraplar global mazmunda parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň saklanylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

BMG-niň esas goýujy halkara resminamalarynyň we konwensiýalarynyň, şeýle-de ýaragsyzlanmak ulgamynda köptaraplaýyn resminamalaryň ençemesiniň gatnaşyjy bolmak bilen Türkmenistanyň sebit hem-de global ölçegde bu işlere hemmetaraplaýyn ýardam bermegini dowam etdirjekdigi bellenilip geçildi.

Taraplar hünärmenleriň taýýarlygy, milli bilermenleriň Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasy tarapyndan guralýan okuw sapaklaryna we tälim okuwlaryna gatnaşygynyň üpjün edilmegi, tehniki kömekleriň berilmegi bilen bir hatarda özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady

Hasaply dost uzaga gider

Ata Watan Eserleri

Söz we Hereket Bir Bolmalydyr!

Ata Watan Eserleri

Çaga Robot Däldir

Ata Watan Eserleri

Arkalaşan dag aşar : Ot almaga gelen ýaly

Ata Watan Eserleri

Dünýä deňelen düýäm

Ata Watan Eserleri