SIZDEN GELENLER

Ýaragly güýçler – asudalygyň we parahaçylygyň kepili

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ata Watanymyzda Watan goragçylarynyň güni uludan tutulýar. Bu baýram döwletimiziň Garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini hem-de konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana Watan Goragçylary bolan türkmen gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän bimöçber aladalaryň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary barada edilýän ýadawsyz aladalaryň netijesinde, milli goşunymyyzňp maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýaragly Güýçlerimiz Watanymyzyň mukaddes serhediniň ygtybarly goragynyň, eldegrilmesizliginiň, halkymyzyň parahat durmuşynyň kepili bolup durýar.

Ýurdumyzyň baky Bitaraplyk derejesine, hormatly Prezidentimiziň parasatly parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ygrarly bolan Milli Ýaragly Güýçlerimiz sebitde durnuklylygyň daýanjyna öwrüldi. Goranmak ministrliginiň ýokary harby-okuw mekdeplerinde, şeýle hem beýleki okuw merkezlerinde ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Goranmak ministrliginiň Harby instituty, Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebi hem-de beýleki ýöriteleşdirilen okuw mekdepler harby ugurdan kämil derejede ýetişýän ussat hünärmenleri taýýarlaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz: «Diňe hemmetaraplaýyn bilimli, tehniki we syýasy taýdan sowatly harby hünärmen ýurdumyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizliginiň hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň çäk taýdan bitewüliginiň kepili bolup biler» diýip belläp geçýär. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň parahatsöýüjilik ýörelgelerini dowam edip we olary kämilleşdirip, Watansöýüjiligiň ýokary nusgasyna öwrülen merdana Watan goragçylarymyz babatda ýurdumyzda uly işleriň alnyp barylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

 

Beggeldi GUTLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

Zergärleriň ýasan şaý-sepleriniň adam saglygyna peýdasy        

Çagalaryň saglygy bahasyz baýlykdyr

Ähli zadyň sakasy saglyk

Gahryman Arkadagymyzyň pähiminden dörän seýilgäh

Goşa mukaddesligiň baýramy

«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi geçirilýär