SIZDEN GELENLER

Ýapragy iýilýän gök ekinleri ösdürip ýetişdirmekligiň ähmiýeti

Ysmanak, şebit, badyýan, salat, ajytere kelemden, hyýardan, nohutdan we noýbadan boşan ýerlere ekilýärler. Ekinleriň idegi.

Ekiş geçirilenden soń gowy gögeriş alar ýaly yzgar suwy 500 m 3 /ga möçberinde tutulýar. Şebit, badyýan, salat we ajytere gögerip çykanlaryndan soń, ýekelenip selçeňlendirilýär we haşal otlary aýrylýar.

Ösüş suwy bilen birlikde şerbet usulynda täsir ediji madda görnüşde gektara 40 kg azot we 0,5-1 t guş dersi iýmitlendirmek üçin berilýär. Ösüş döwründe KRN-4,2 A agregaty MTZ-80 traktora dakylyp 2-3 gezek hatarara bejergisi geçirilýär.

Ekinleri arassalap durmak, ýokary hilli hasyl almaklyga mümkinçilik berýär. Ösüşiniň dowamlylygynyň gysga bolanlygy, gökje ýapraklarynyň iýmek üçin ulanylýandygy sebäpli, bu ekinlerde zyýankeş mör-möjekler we keseller üçin himiki awuly maddalary ulanmaklyk maslahat berilmeýär.

Oguljennet Satlykowa,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

 

Bagdad Amreýew Özbegistanda saparda bolar

 

Ýene-de okaň

Raýatlaryň saglygy — döwletimiziň baş gymmatlygy

Garaşsyzlyk ― ganatymyz, bagtymyz

Garaşsyzlyk-bagtymyz

“Garaṣsyzlyk-parahatlyk binýady” atly sergi geçirildi

Garaşsyz Türkmenistanyň üstünliklere beslenýän daşary syýasaty

Türkmenistan – sagdynlygyň mekany