TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministri Suzuki Takakonyň arasynda duşuşyk geçirildi. bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Döwlet ministri Suzuki Takako köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, Ilçi Atadurdy Baýramowy Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi gutlaglar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen-ýapon gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we däp bolan köpýyllyk dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtady.

Iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministri Suzuki Takakonyň Türkmenistana saparyny guramaga Türkmen tarapynyň taýýardygyny mälim etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramowyň Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Taro Honda bilen duşuşygy boldy. Taraplar duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda ähmiýetli özara mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler. “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ähmiýeti barada nygtap geçdiler.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny gutlady

Teswirle