JEMGYÝET

Ýaponiýa “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima tarapyndan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy.

Bu hatda Ýaponiýanyň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” sammitine taýýarlyk görmek boýunça Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy bellenildi.

Hususan-da bu hatda şeýle diýilýär:

Türkmenistana amala aşyran saparymyň dowamynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz bilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogy we dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alyşmak meniň üçin örän ähmiýetli boldy. Şeýle hem “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde geçiriljek sammit babatda Ýaponiýanyň garaýyşlaryny goldandygyňyz üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin. Saparymyň netijelerini nazara almak bilen, biz bu sammiti Ýaponiýa, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlary üçin amatly wagtda geçirmek mümkinçiligine serederis. “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” sammitine taýýarlyk görmek boýunça Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygymyzy beýan edýäris.

Bu meniň Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparym boldy. Ýurduňyzyň baý medeniýeti we taryhy, halkyňyzyň myhmansöýerligi, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky çuňňur gatnaşyklar mende uly täsir galdyrdy. Türkmenistan, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigimi aýtmak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 26-njy martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 321 sany raýatyň günäsi geçilýär

Ata Watan Eserleri

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşdy

Emeli aň bilen ilkinji gezek aýdym albomyny döretdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň energetika ministrini kabul etdi