TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ýapon tälimçi Türkmenistanyň dzýudo boýunça ýygyndysyna tälim berer

Belli ýapon türgeni. häzirki wagtda tälimçilik edýän Kazuhiko Tokuno Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysynyň tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Habar berlişine görä, Kazuhiko Tokuno 2 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysynyň türgenlerini uly ýaryşlara taýýarlar.

49 ýaşyndaky ýapon tälimçisi 60 kilogram agramda çykyş edip, birnäçe gezek Aziýanyň çempiony boldy. Şeýle hem ol dünýä çempionatlarynda hem baýrakly orunlary eýeledi.

Ol sport karýerasyny tamamlap, tälimçi hökmünde Ýaponiýanyň zenanlar ýygyndy toparlaryna tälimçilik etdi. 2011-nji ýylda ol Halkara Dzýudo federasiýasy tarapyndan zenanlar ýygyndysyna tälim beren iň gowy tälimçi hökmünde ykrar edildi.

Ol dünýä birinjiliginde, Olimpiýa oýunlary, Bütindünýä uniwersiada oýunlary, Aziýa çempionaty ýaly iri halkara we sebit ýaryşlary üçin türgenleri taýýarlady. Onuň taýýarlan türgenlerinden birnäçe Aziýanyň çempiony boldy, Olimpiýa oýunlarynda baýrakly orunlary eýeledi.

Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysynyň täze tälimçisi Kazuhiko Tokuno Kodokan dzýudo boýunça 7-nji danyň eýesidir.

Ýapon tälimçi türkmen türgenlerini iri ýaryşlara taýýarlamak bilen olaryň 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyny gazanmagy öz öňünde maksat edinip goýdy.

Ýene-de okaň

Messi PSŽ bilen hoşlaşdy

Al-Ittihad topary Benzema bilen şertnama baglaşdy – Al Ekharabiýa

Real Eden Hazard bilen şertnamasyny bes etdi

Teswirle