BIZNES

Ýapon kompaniýasy Türkmenistanda harytlyk gaz desgasyny gurar

«Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernlerinde wideoaragatnaşyk arkaly Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri hem-de himiýa we nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň bu pudaklarda oňyn tejribe toplandygy bellenildi. Sebitde iri «Garabogazkarbamid» zawodynyň işe girizilmegi we onuň öndürýän azot dökünleriniň dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan iş saparynyň çäklerinde resminamalar toplumyna, şol sanda «Mitsubishi Corporation» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ammiak we karbamid önümçiligi boýunça täze zawodyň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly resminama gol çekilmegi netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Nebitgaz senagatynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň köpşahaly düzümini we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen, polimer hem-de beýleki gazhimiýa önümleriniň önümçiligi boýunça innowasion senagat toplumyny döretmek onuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

«Türkmengaz» döwlet konserninde geçirilen onlaýn duşuşygynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmek boýunça kärhananyň deslapky tehniki taslamasyny taýýarlamak meselelerine garaldy. Bu desgany gurmak “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Owgan işewürleri Türkmenbaşy halkara portunyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar

Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy bilen hyzmatdaşlyk

“Arterail” kompaniýasynyň wekiliýeti Türkmenistana çagyryldy

Telekeçiler üçin elektron söwda okuwy

Halkara hususy hukugynyň kadalary ornaşdyrlar : Şertnama-hukuk kanunçylygy kämilleşdiriler

Baş Redaktor

Donald Tramp sport aýakgaplarynyň önümçiligini ýola goýdy