TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ýaňlanma

Kakaly ogul bileje dagda ýöreýiş edýän mahalynda oglanjyk birden büdräp aýagy daşa degende: “Wah”diýip batly ses bilen gygyrdy welin, ileridäki goja dagdan “Wah”diýlen ses ýaňlandy, ondan soňra yzyndaky goja daglardan hem ýene-de: “Wah”diýlen ses ýaňlanyp gitdi. Birden oglanjyk aljyraňňylyk bilen “Sen kim?”-diýdi. Edil ýene ýaňky ýagdaý: “Sen kim?, Sen kim?, Sen kim?”-gaýtalandy. Oglanjyk geň galyjylykly gözler bilen kakasyna seredip, titreýän sesleri bilen:  “Sen-ä gorkagyň biri” –diýdi. Daglardan ýene-de şol sözler gaýtalandy durdy. Bu ýaňlanmadan tiksinen oglanjyk bilesigelijilik bilen ýuwaşjadan kakasyna ýüzlenip: “Kaka, maňa jogap berýän kim:” -diýdi. Kakasy gorkan ogluny köşeşdirip başyny sypady-da ine seret diýip bu gezek kakasy daglara tarap “Menä saňa haýran!”-diýip gygyrdy welin ol ses hem birnäçe gezek ýaňlanyp gitdi. Kakasy ýene-de daglara nazar aýlap: “Sen ajaýypsyň!”-diýdi ol sesem birnäçe gezek ýaňlandy.

Kakasy uludan demini aldy-da ogluna sabyrlylyk bilen düşündirmäge başlady: “Muňa aslynda ýaňlanma hadysasy diýýärler oglum, ýöne bu ýagdaýa durmuş hem diýseň bolar, sebäbi durmuş senin beren zatlaryňy yzyna gaýtarýar, sebäbi durmuş- bu biziň ähli aýdýan zatlarymyzyň, edýän hereketlerimiziň aýnasy. Şonuň üçin hem durmuşda näçe söýülmek isleseň şonça-da söý,  näçä köp mähir isleseň şonça-da mähirli bol,  näçeräk köp sylanmak isleseň şonça-da köp hormat goý. Bu kada durmuşymyzyň ähli pursadynda hem zerurdyr!” –diýdi. Oglan bu durmuş sapagyndan gowy ders çykaran bolmaga çemeli: “Durmuş, men seni söýýän!” –diýip batyrgaý  gygyrdy welin  ýaňlanmasy has güýçli boldy.

 

Ýedibaý Baýramdurdyýew,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

 

Hepdelik täleýnama (28-06-njy fewral,mart)

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Ýaşlar we döwrebap bilim

Ata Watan Eserleri

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Teswirle