Şu gün «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, ol her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýar. Şu ýyl bu aýdym-saz bäsleşiginiň döredilmegine 30 ýyl doldy.
Zehinli aýdymçylaryň döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ýurduň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guraldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýaş zehinleriň ýerine ýetirmeginde halk aýdymlary we dürli awtorlaryň döreden aýdymlary, nusgawy eserler ýaňlandy. Emin agzalary olara aýdym aýtmak, ýerine ýetirijilik ussatlygy we özboluşlylygy, şeýle hem artistçilik ukyplary boýunça baha berdiler.
Netijede, iň gowy ýaş aýdymçylaryň 6-sy «Ýaňlan, Diýarym! – 2022» telebäsleşiginde öňe saýlanmagy başardylar. Olar bäsleşikde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanandyklary üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Ýaňlan, Diýarym! – 2022» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen, şeýle-de ýeňijiniň Diplomy bilen sylaglanyldy.
Ýeňiji bolan höwesjeň aýdymçylar:
- Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Gözel Akmyradowna Nurberdiýewa;
- «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň Kelete ülşüniň öýdeçi halyçysy Ýagşygül Gurbanannaýewna Muhammedowa;
- «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň «Balkanabatnebitönümleri» kärhanasynyň mehaniki abatlaýyş sehiniň başlygy Durdy Annamämmedowiç Durdyýew;
- Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Batyr Bäşim ogly Agaýew;
- Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Halaç etrap medeniýet bölüminiň Akgala geňeşligindäki Akgala oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Bäşim Meret ogly Annaýew;
- Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyby Toýly Rahmedowiç Jumaýew.