Ýangyn söndürijiler güni

4-nji Maýda Ýangyn söndürijiler güni halkara derejesinde hünär baýramçylygy hökmünde giňden bellenilýär. Adamlaryň, haýwanlaryň, emläkleriň, ekosistemanyň jisimlerini ýangyndan goraýan we halas edýän batyrgaý hünärli adamlar tarapyndan bellenilýär.  Ot bilen göreşmek bu batyr hünärmenleriň paýyna düşýär.

Halkara ýangyn söndürijiler güni, 1998-nji ýylyň dekabrynda Awstraliýada tokaý ýangyny söndürmek bilen baglanyşykly pajygaly wakalardan soň bellenilmek ähmiýeti artýar.  Bu waka ýangyn söndürijileriň gahrymanlaryna hormat goýmakdan ybarat bolup, olaryň hatyrasyna Halkara güni döredilýär.

Bu başlangyç, internetiň ýaýramagy arkaly dünýäniň köp ýurtlarynda kabul edildi.  Ýangyn söndürijileriň jennet howandary hasaplanýan Keramatly Florianyň hormatyna bellenilýän gün hökmünde saýlandy. Bu hünäriň adamlary hünär ussatlygy, gaýduwsyzlyk, tutanýerlilik, yhlaslylyk ýaly häsiýetler bilen iş başynda birleşýärler.

Däp bolşy ýaly, 4-nji maýda dünýäniň köp ýurtlarynda ýangyn söndürijiler başgalaryň jany üçin janyny beren ýoldaşlaryny ýada salýarlar. Russiýada ýangyn söndürijiler gününiň däp-dessurlaryna laýyklykda 30-njy aprelde bellenilýändigini bellemelidiris, emma ol Halkara ýangyn söndürijiler gününden uzak bolmadyk senenamada ýerleşýär.

Baýramyň nyşany gyzyl we gök lentadyr, bu ýerde gyzyl alawy, gök bolsa suwy aňladýar.  Ýangyn söndüriji öz işini ýerine ýetirip, başga bir elementiň – suwuň güýjüni ulanyp, ýangyn elementine garşy söweşiji hasaplanýar.

 

                                                                                      Azymguly GARRYÝEW,

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň salgylary we telefon belgileri