SIZDEN GELENLER

Ýangyç-energetika-ykdysady ösüşiň möhüm ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda nebitgaz senagatyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda-da möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.

Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, iri maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny ep-esli artdyrmagy maksat edinýär. Döwletimiz energetika howpsuzlygynyň häzirki döwrüň şertlerine we talaplaryna laýyk gelýän täze düzümini döretmek meselelerine aýratyn üns berýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda energetikanyň netijeli peýdalanylmagyna, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyna we ösdürilmegine, bu maksatlara ýetmek üçin gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ähmiýetli orun degişlidir.

Ýangyç-energetika toplumynyň esasy bolup durýan gaz pudagy ýurdumyzyň senagat önümçiliginiň ýarysyndan gowragyny düzýär. Häzirki wagtda gaz pudagynda täze ýataklary ýüze çykarmak, barlag geçirmek we ulanmaga bermek uglewodorod serişdelerini ibermekden we saklamakdan başlap, taýýar önümi sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilik işiniň ähli tapgyrlary ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Diýarymyzyň gazy gaýtadan işleýän pudagy täze zawodlaryň işe girizilmegi esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda gaz çig malyny çuň gaýtadan işleýän ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

«Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitgaz känlerini gözlemek we özleşdirmek arkaly tebigy gazyň hem-de nebitiň goşmaça möçberini çykarmaga gönükdirilen degişli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Şunda täze nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, gözleg işlerini geçirmäge, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmaga, türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna ibermegiň dürli ugurlaryny döretmäge, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalary ulanmaga, guýulary burawlamak we düýpli abatlamak boýunça işleri, şol sanda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalaryny we maýalaryny çekmegiň hasabyna bu işleri işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär.

Ýene-de okaň

Psihologiýa we kämil bilim

Ata Watan Eserleri

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Ankara uniwersitetinde Magtymgulyny öwreniş sapagy

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Ýapon diliniň ähmiýeti