TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Yandex” sürüjisiz awtoulagyny hödürleýär

Sürüjisiz awtoulag tehnologiýasy üçin hyzmatdaşlyk edýän “Yandex” we “Hyundai” kompaniýalary 4-nji nesil sürüjisiz awtoulag modelini hödürlediler. “Engadget” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, “Yandex”-iň sürüjisiz awtoulag ulgamy Hyundai-iň Mobis modelinde işlenip düzüldi. “Yandex” -iň sürüjisiz ulaglary eýýäm Russiýanyň paýtagty Moskwada hyzmat edýär. Bu başlangyç bilen, “Yandex” sürüjisiz ulag parkyny giňeltmek üçin möhüm ädim ätdi.

Kompaniýanyň beren beýanyna görä, Yandex kompaniýasy 2020-nji ýylyň ahyryna çenli maglumat flotuna 100 sany “Sonata” goşmak meýilleşdirilýär. Şol beýanda sargyt edilýän ulaglaryň Russiýanyň Innopolis şäherindäki robot taksi programmasyna we ABŞ-nyň Miçigan ştatyndaky flotuna goşulmagy meýilleşdirilendigi aýdylýar.

“Yandex” 2017-nji ýylda ilkinji sürüjisiz awtoulagyny hödürledi.

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle