SIZDEN GELENLER

Ýandagyň (düýe tikeniň)  aýratynlygy

Bir wagtlar ýandak (düýe tikeni) gadymyýetdäki adamlaryň durmuşynda çalşyp  bolmajak ösümlikdi. Gurak howa sebäpli çöl ýerlerde tiken (ýandak) ilkinji nobatda düýeleriň peýdaly iýmiti bolup hyzmat edýär. Adamlar bu ösümligi dermanlyk we bag ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ulanypdylar. ýandagyň (düýe tikeniň) 20 metr çuňluga çenli kök urup, islendik çuňlukda özüne gerekli suwy tapyp bilýär

Şonuň üçin bu ösümligi ýerden doly aýyrmak gaty kyn bolýar. Ýaşuly adamlar şol döwürlerde ýandagyň ýokarsyny kesip, magistraly iki bölege bölüp, gawun ýa-da garpyz tohumlaryny içine sepländiklerini aýdýarlar. Şeýlelik bilen tohumlar çyglylygy alyp ajaýyp hasyl berer eken.

Çöl şertlerinde ýandak (düýe tikeni) ýaşaýjylar üçin suwuň ýoklugy sebäpli möhüm ähmiýete eýe boldygy hem aýdylýar. Adaty ýandak  (düýe tikeni) köp ýyllyk tikenli ösümlikdir. Ol örän ýylylyga çydamly bolup. Kökleriniň uzynlygy 20-30 metre çenli ýetip,sapraklary hem uzyn bolýar. Elbetde, ýandagyň (düýe tikeniniň) köp dermanlyk aýratynlyklary  hem bar. Gyzyl gülgüne gyrmyzy güllerini guradylyp dürli görnüşde dermanlyk çaýlar alynýar. Dermanlyk maksatly diňe bir gülleri ulanylman eýsem kökleri we ýapraklary hem ulanylypdyr.

Onuň kökünde C witamini, taninler, alkaloidler we kumarinler bar. ýapraklarynda bolsa organiki kislotalar, rezin, efir ýaglary, kateşinler we flawonoidler bar.

Häzirki wagtda çöl ýaşaýjylary  ýandagy (düýe tikenini) mallara ot iýmlik ähmiýetli hem peýdalanýarlar.

 

REJEPOW   MUHAMMET,

TOHU-nyň talyby

 

Öz kosmos stansiýasyny gurýar

 

 

Ýene-de okaň

Gahryman Arkadagymyzyň pähiminden dörän seýilgäh

Goşa mukaddesligiň baýramy

«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi geçirilýär

Taryhda yz goýjak “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr

Magtymguly Pyragy – döwürleriň we köňülleriň şahyry