Ýalany ýüze çykarýan enjam

Aslynda, käbir adamlar ýalan sözlände, aýdylýanlaryň galatdygy olaryň ýüzünden hem belli bolýar. Käbir adamlarda bolsa muny duýmak kyn. Ýöne mundan beýläk döwrebap tehnologiýa bize bu babatda hem kömekçi bolup biler.

Käbir kinofilmlerde gören şeýle enjamlarymyz indi hakykata öwrülýär. Has takygy, ysraýylly alymlar adamyň ýüzündäki myşsalardan onuň aýdýanlarynyň çyndygyny ýa galatdygyny kesgitläp bilýän «emeli aňy» oýlap tapdylar. Geçirilen synaglarda tehnologik enjam 73 göterimlik netije görkezdi.

Mundan beýläk şu enjamyň banklarda, howa menzillerinde, polisiýa edaralarynda we beýleki käbir ýerlerde ulanylmagyna garaşylýar.

Täze açyş Tel-Awiw uniwersitetiniň alymlaryna degişli. Şu hepdäniň çarşenbe güni berlen beýanata görä, enjam gündelik durmuşymyzda gabat gelýän ýalanlary aýan-aýdyň ýüze çykarmaga ýardam berer.

Täze tehnologik gurluş barada «Brain and Behavior» žurnalynda çap edilen maglumata görä, Tel-Awiw uniwersitetiniň alymlary ýalançylaryň iki toparyny ýüze çykardylar. Olaryň bir topary ýalan sözlände eňek myşsalary adatdakysyndan has köp hereket edýär. Beýleki bir toparda bolsa gaşlar bir ýerde duranok, yzygiderli hereketde bolýar.

Täze tehnologik enjam myşsalaryň we nerw öýjükleriniň hereketini yzarlap, olary ýörite elektrotlar arkaly ölçeýär. Enjam häzir diňe anyklaýar, ýöne geljekde ony has kämilleşdirip, wideoýazgylary düşürýän derejä çenli hem getirip bolar.

 

Türkmen türgenleri Bursada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

 



ÝENE-DE OKAŇ

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýada saparda bolar. - Russiýanyň Prezidenti bizi Russiýa çagyrdy. Çakylyk kabul edildi. Meniň üçin bu örän hormatdyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleri açýar - diýip, Bolsonaru hepdelik çykyşynda mälim etdi. Braziliýanyň lideriniň aýtmagyna görä, bu saparyň fewral-mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar. Bolsanaru köp sanly ministrler bu...
Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy...
Angliýada koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlaryň ýedisinde geçirilen barlaglar üçünji sanjym babatynda «Pfizer» we «Modernanyň» has netijelidigini ýüze çykardy. Şeýlelikde, üçünji sanjymlar babatynda ilkinji synaglar hem tamamlandy. Aslynda, iňlis hökümeti üçünji sanjym üçin, hut, şu iki sanjymy saýlap aldy. Olaryň urulmagy bilen bedeniň kesele garşy göreşijiligi has güýçlenýär. Geçirilen deslapky barlaglar üçünji sanjymyň keseliň täze ştammy bolan «Omikron» görnüşiniň öňüni almakda hem...
1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyra öwrülen bir waka bolup geçdi. Ýagny, bu gün dünýäde ilkinji SMS iberildi. Gysga tekst habarlaryny ibermegiň has giňden ýaýramagy, bu wakanyň öýjükli aragatnaşygyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Şeýle hyzmaty döretmek pikiri bolsa, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, GSM standartyny döretmek boýunça işler alnyp barylanda ýüze çykypdyr. Taslamanyň çäginde Ýewropaly...
Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň  adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
907FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar