TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ýakymly ýatlama: Žurnalymyz BMG Resmi Twitter hasabynda

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýuny toýlady. Tamamlanyp barýan 2020-nji ýylda ýurdumyzda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçip, dünýäniň ençeme ýurdunda ýurdumyzyň baky Bitaraplygyna bagyşlanan çäreler, maslahatlar, seminarlar, tegelek stoluň başyndaky ylmy maslahatlar geçirildi.

Bilşimiz ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly Birleşen Milletler Guramasynyň  şol wagtky Baş sekretary Pan Gi Munyň Türkmenistana amala aşyran sapary  (Iýun 2015) mynasybetli žurnalyň ýörite sanyny çap edildi. Žurnalyň şol sany BMG-niň resmi “Twitter” jemgyýetçilik torunda “Türkmenistan-BMG: özara bähbitli hyzmatdaşlyk” atly sözbaşy bilen giň okyjylar köpçüligine ýetirilipdi. Bu hem žurnalymyzyň döredijilik toparynyň ujypsyzja zähmetine berlen ýokary bahanyň nyşanydyr. Arhiw maglumatlarymyz arasynda şol habary göremizde, ol döwürde žurnalymyzyň okyjysy bolmaýan on müňlerçe okyjylarymyz bilen ýakymly ýatlamamyzy paýlaşmagy makul bildik. Siz BMG Resmi Twitter hasabyndaky şol habary okamak isleseňiz onda şu ýere basyň!

Ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini we bolup geçýän wakalary yzygiderli giň okyjylar köpçüligine ýetirýän “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyny hem baky Bitaraplygymyza  öz sowgatlary bilen garşylady. Saýt tarapyndan türkmen we iňlis dillerindäki ilkinji sesli, sanly we akylly sözlük – “Makul Sözlük” ulanmaga berildi. Mundan başga-da, saýtymyz tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyň 25 ýyllygy mynasybetli “Söýgi – durmuşyň özeni” atly döredijilik bäsleşigini geçirip, 43-den gowrak dürli görnüşdäki baýraklary gowşurdy.

Şeýle hem saýtymyzda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly bölüm döredilip, şol ýerde syýasatçylaryň, işewürleriň, alymlaryň türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti baradaky makalalary çap edildi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty geljek-de hem ýurdumyzyň ähli ugurlarda  gazanýan üstünliklerini we döwletimizde bolup geçýän wakalary okyjylar köpçüligine ýetirmek ugrunda tagalla etmegi dowam etdirer. www.atavatan-turkmenistan.com saýtymyzyň “Android” ulgamyndaky goşundy (Applikasiýasy) arkaly hem ýurdumyzda we dünýäde dürli ugurlarda, sportda, medeniýetde, saglykda, kinoda bolup geçýän täzeliklerden habarly bolmak mümkinçiligi siziň öz eliňizde.

 

Ýene-de okaň

Amerikanyň işewür topary Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi

Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle