SIZDEN GELENLER

Ýagtylygy sowgat beren Tomas Alwa Edisonyň durmuşyndaky hakykatlar

Tomas Alwa Edison, mugallymy tarapyndan ýazgarylýan we parhsyz çaga hökmünde keşplendirilýärdi. Okuwçy  wagty okuwdan çetleşdirildi, okuwyny bolsa öýde dowam etmeli bolýar. Çaga wagty geçiren  keseli we gulak näsazlygy sebäpli eşitmekde kynçylyk çekýän Edison, öýünde kiçijik bir himiýa labaratoriýasyny gurdurýar hem-de özüne hususy telegraf ýasaýar we Mors elipbiýini öwrenýär. Edisonyň ylmy oýlap tapyşlaryndaky hakykatlar näme? Elbetde bu sorag hemmäni gyzyklandyrýar.  Edisonyň ýüz ýylyň beýik şahsyýetleriniň biri diýilmegine näme sebäp boldy? Taryhda – bu gün, elektrik ampulasyny dünýä tanadan, telefony oýlap tapan Edisonyň durmuşyndaky gizlin hakykatlary jemledik. Durmuşyny bilime bagş eden beýik şahsyýetleriň biri bolan Tomas Alwa Edison 1847-nji ýylyň fewral aýynyň 11-ne ABŞ-nyň Ohio ştatynda, är-aýal Samuel Ogden Edison we Nansy Mathews Eliotyň ýedinji çagasy bolup dünýä inýär. 7 ýaşynda maşgalasy bilen birlikde Miçigandaky Port Huronda ýerleşýärler. Ýetginjek wagty keselläp okuwa giç başlady. Günlerde birgün Edisonyň mugallymy ejesine hat ýazyp, Edisonyň özünden ýollaýar.

Tomas Alwa Edisonyň durmuşyny üýtgeden, bilim dünýäsinde meşhurluga alyp gelen mugallymynyň ejesine ýazan hatyň asyl terjimesi:

Edison bir gün öýüne gelende ejesine eplenen kagyz bölejigini berýär we “Bu kagyzy mugallymym berdi we diňeje saňa bermegimi nygtady”. Diýipdir. Ejesi kagyzy gözýaşlaryň içinde ogluna gaty ses bilen okapdyr: “Ogluňyz göreldeli. Bu okuw ogluňyz üçin örän kiçi we ony ýeterlik derejede okatjak, bilim berjek mugallymlarymyz hem ýok. Haýyş, ogluňyza özüňiz bilim beriň”.  Aradan uzak ýyllar geçenden soňra Edisonyň ejesi aradan çykandan soňra, ol ýüz ýylyň iň beýik bilimli şahsyýetleriň bir boldy we bir gün maşgalasyndaky köne goşlary ýygnaýarka birden bir çekmäniň burçunda eplenen halda bir kagyzy tapýar we alyp açýar. Kagyzda “Çagaňyz hepdäniň günleriniň atlaryny we köpeltmek tablisasyny ýat tutup bilenok. Hat-da okuwlaryna parhsyz, sapaklaryna girişip bilenok. Örän zehinsiz. Näme etsem hem düşünenok. Soraglary köp, emma örän ejiz. Nähili düşündirsem bolarka?! Esasy aýtmaly zadym, hiç bir bilimi öwrenip bilmejek derejede nalaçedeýin. Indi ogluňyza okuwa gelmegine rugsat bermeýäris. Çagaňyzy şu okuwdan çykaryp alsaňyz, örän dogry karara gelip iş tutdygyňyz bolýar!” diýlen sözler ýazylypdyr. Edison sagatlarça aglanyndan soňra gündelik depderine şu sözleri ýazýar: Tomas Alwa Edison, gahryman bir ene tarapyndan, ýüz ýylyň iň beýik bilimli şahsyýetleriň biri bolan “zehinsiz” bir çagady…

Şol kagyzda ýazylan hatdan soňra bolsa Edison okuwyndan çetleşdirilýär. Kanadada öň mugallymçylyk bilen meşgullanan ejesi oglunyň bilimini öýde dowam etdirmeli bolýar. Bilime bolan höwesi, ejesiniň Riçard Green Parkeriň Tebigy pelsepe okuw jaýyny satyn alynmagy bilen başlanýar. 12 ýaşynda gazet we şeker satmaga başlaýar, şol bir wagtyň özünde ýük wagonlaryň birinde Weekly Herald atly kitap satýardy. 1862-nji ýylda demirýol stansiýasynyň müdüri Magkenziň çagasyny demirýol heläkçiliginden (poýuzyň aşagyna düşmeginden) halas edende, müdür oňa telegraf ulanmagy öwredýär. Telegrafy oňat özleşdirip, täze has kämil  oýlap tapyşlary amala aşyrýar, netijede eden zähmetinden soňra uly üstünliklere eýe bolýar. Bulardan biri hem, telegrafçy otagda ýok mahaly, hatlary ýat tutýan bir awtomatiki ses ýazgy enjamydy. 1869-njy ýylda awtomatiki ýat tutma maşyny üçin ilkinji gezek patent aldy, emma bu maşyny hiç kim satyn almady. 1883-nji ýylda metal bilen flamanyň arasyna galwanometr birikdirilende metaldan elektrik togynyň geçýändigini subut edýär. Edisonyň bu oýlap tapyşy netijesinde diod (iki elektrodly lampa) we triod (üç elektrodly lampa)  ýasalýar we New Ýork şäherinde 1870—nji ýylda ulanylyp başlanýar. 1884-nji ýylda Nikola Tesla dünýäniň iň beýik elektrik inženeri hökmünde saýýan gahrymany Tomas Alwa Edisonyň ýanynda işe başlaýar. Edison öz işlerinden birini başarsa Tesla 50. 000 dollar berjek diýip söz berýär. Edisonyň beren işini bitiren Tesla, 50.000 dollarlyk hakyny soranda, Edison ol sözi degişip aýdandygyny we Teslanyň Amerikaly bolanlygy üçin bu bir Amerika degişmesi diýip aýdýar. Edison bilen Teslanyň arasyndaky aldym-berdimli gapma-garşylyklar barada indiki makalamyzda has köp maglumat bereris.

George Westinhouse-yň alternatiw energiýasyna (çeşmeleri) degişli patentleri satmagy Teslanyň durmuşyny üýtgedip Edisona garşy birnäçe söweşlere alyp gelýär. Teslanyň kämilleşdiren alternatiw dinomalary, transformatorlary we motorlary elektrik akymyny örän az sarp edip, uzak aralyga goýberip bolýar. Bularyň durmuşa ornaşdyrylmagy Edisonyň işleriniň pese düşmegine hat-da bes edilmegine getirýärdi. Edison alternatiw energiýany garalamak üçin Tesla garşy propaganda söweşine başlaýar.  Tomas Alwa Edison ýaragly çagnyşyklarda deňizde alnyp barylýan söweşlerde ulanyp boljak 40-dan gowrak oýlap tapyşlary amala aşyrdy. Edison 1931—nji ýylyň 18-nji noýabrynda, 84 ýaşynda New Jerseý-de aradan çykýar. Oňa görä oýlap tapyşlar 1% ylhamdan, 99% zähmetden (der çekmek) hasaplanýardy. Ýeke işlemezdi, oýlap tapyşlaryny kömekçi we asistant topary bilen bilelikde ýöredýärdi. Uklaman sagatlarça işini dowam edýärdi. Bulardan daşary oýlap tapyşlarynda pul nädip  gazanmany gowy bilýän adamdy. 1300 sany oýlap tapyşlaryny depderine ýazgy edip galdyrýar.

Bilim dünýäsinde ylmy gözleniş asla tamamlananok, diýmek Edison barada ýene-de bilmediklerimiz bar:

  1. Takmynan 4 ýaşyna çenli gürlämäni öwrenmedi;
  2. Edisonyň mugallymy onuň zehinsizligine ynandy we ony okuwdan çetleşdirdi;
  3. Edison 1300 patendiň eýesi;
  4. Eşdip bilme mümkinçiligini ýitirýär we bejergiden hem ýüz döndürýär. Sebäbi, şeýle ýagdaýda has hem gowudygyny nygtaýar;
  5. 10 ýaşynda özüniň hususy bilim labaratoriýasyny gurýar;
  6. Awtomatiki bir ses ýat tutýan telegraf maşyn döretdi;
  7. Satan patentleriniň saýasynda gysga wagtyň içinde uly bir baýlygyň mirasdary boldy;
  8. 15,5 sagatlap ýanan bir lampa üçin 1,5 ýylyny ýitirdi;
  9. Patent ofisi, ampulanyň patendi William Wallaçe degişli bolanlygy sebäpli Edisonyň 6 patendi tassyklanmady;
  10. 2500 sany kitap neşir etdi;
  11. Edison ilkinji kinoaparady bolan kinetografy, soňra modem kino maşynlarynyň esaslandyryjysy bolan kinetoskopy döretdi;
  12. I jahan urşunda deňiz söweşlerinde ulanyp boljak 40 sany oýlap tapyşy amala aşyrdy;
  13. Her gün 18 sagatdan artyk işleýärdi;
  14. Dünýäden ötenden soňra, Amerikanyň iň meşhur we uly hormata eýe bolan şahsyýet hökmünde kabul edildi.

Döwletgeldi Ilgediýew,

TGM-niň Harby institutynyň IV ýyl talyby

Ýene-de okaň

Psihologiýa we kämil bilim

Ata Watan Eserleri

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Ankara uniwersitetinde Magtymgulyny öwreniş sapagy

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Ýapon diliniň ähmiýeti