TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Ýagşymyrat Akyýew: ýagşy agaly ýatlamalar

 Türkmenistanyň halk artisti Ýagşymyrat Akyýew bilen ilkinji gezek söhbetdeşlik taýýarlamaly bolanymda ir bilen ýola düşdüm. Işgär gelinleriň biri:

— Nirä? — diýip sorady.

— Teatra. «Edebiýat we sungatyň» «Gülmek ömürden» sahypasy üçin Ýagşymyrat Akyýew bilen söhbetdeşlik taýýarlajak  — diýdim. Onda ol:

— A gyz, ol artist oýun oýnanda-ha gülkünç oýnaýar. Ýöne şeýle ýüzüne seredeňde-hä, gyjyklaňda-da gülki çykjaga meňzänok. Geplärmikä beri? — diýdi.

Teatra baryp, çen bilen öý salgysyny aldym. Ýagşy agalaryň töweregine ýetdim-de, öýlerini tapmadym. Ol wagtlar häzirki ýaly el telefon ýokdy.Onsoň haýyş edip, golaýdaky dükandan jaň etdim.

— Salamälik, Ýagşy aga! Gazet üçin siziň bilen söhbetdeş bolaýsam diýýän. Öýüňize gelýärdim. Indem öýüňizi tapamok — diýenimden, ol:

— Öýüme «Gel» diýsem gelersiň-dä! Men un almaga gitmeli ahyry — diýdi. Menem:

Wiý, aýdýanyňyz näme, Ýagşy aga! «Gel» diýlen ýerinde söhbetdeşlik taýýarlaýandyr öýtdüňizmi? Çagyrylan ýerine kimler barmaýar? — diýdim. Ýagşy aga gülüp:

— Janam! Ertir sagat 10-da iş ýerimde görşeris — diýdi. Ertesi iş ýerine bardym. Ol grim otagynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Berdi Aşyrow (Emenek) bilen otyr eken. Öňlerinde çäýnek, käse. Mejimede-de duzly hyýar dur.

— Gel, gyzym! — diýip güler ýüz bilen garşylady.

— Soraýar diýme, çaý içjekmi, kofýa?— diýip jogabyma garaşdy. Sag boluň, Ýagşy aga, azara galmaň, ýöne meni bir zat geň galdyrdy. Duzly hyýar bilen çaý içilýänine birinji gezek duşdum — diýenimden Berdi aga ikisi hezil edip güldüler.

Söhbetdeşligimiz öz-özi gyzyşyp gitdi. Oňa:

Bir şahyryň öýi boşlawrak eken. Onsoň bu öýe, edebiýat, döredijilik hakynda pikir alyşmak üçin, köplenç ýazyjy-şahyrlar ýygnanýarlar. Bir gün öý eýesi aýalyna:

— Keýwany! Şu gün nahary köpräk ataraweri! Öýe pylany dagy geljekdir — diýeninden, törde maşynjygyny oýnap oturan 5-6 ýaşlyja oguljygy aglamaga durupdyr. Onsoň ejesi:

— Balam, näme boldy? Bir ýeriňi agyrdaýdyňmy? — diýip, ylgap barýar. Onda çagasy:

— Eje-e! O daýy ýene-de sary ýaprakly goşgusyny okap berermi? — diýip sorapdyr. Şahyr her gelende, güýz hakyndaky şol bir goşgusyny okap berýän eken. Şonuň ýaly bolmazy üçin, okyjylara täsiniräk söhbetdeşlik taýýarlaýsak?!— diýip pikirimi aýtdym. Ol:

— Be…Janym, men saňa näme gürrüň bersemkäm. Umuman, häzir, tüweleme, ýurdumyzyň toý-baýramy goşa-goşadan gelýär. Häli-şindi çykyş edilýär. Onsoň biz, artistler üçin, gülküli zatlar, hekaýalar ýetmezçilik edýär. Sebäbi, biz diňe ýazyjy-şahyrlaryň ýazan eserlerini keşbiň üsti bilen bezäp, halka hödürleýäris. Aýdyşyňyz ýaly, şol bir zadam gaýtalasyň gelenok. Emeli, ýasama zady bolsa, halk kabul edenok — diýdi.

Ýazyjy-şahyrlar metbugatda-ha aldygyna ýazýarlar. Ýöne artistleriň öz işleri ýetik bolup, metbugata kän bir üns berip okamaýarmyka diýýärin. Sebäbi bir artist: «Meni telim gezek metbugatda ýazdylar. Ýöne, mende şo gazetden ýekesem ýok. Indem ökünýärin. Ol bir ýadygärlik, mukaddes ýatlama eken. Garran pursadyň halkyň hormatyndan, bitiren zähmetiňe goýlan gadyrdan lezzet alýan ekeniň» diýipdi. Ýa işiňiz köp bolup okamaga wagt tapaňyzokmy?— diýip sowal berdim.

— Niýetiňe düwseň, wagt tapylar. Dogry bellediňiz. Edil okamyzog-a diýjek däl. Ýöne galam ýöredýänler ýaly okaýas diýibem biljek däl. Biz hemişe keşbiň sözlerini ýat tutmaly bolýas. Şondan bolmagy mümkin.

Halka gülki paýlaýan ýazyjylar, artistler bilen söhbetdeş bolmaga ýykgyn edýärin. Tüweleme, teatrda gülküli keşpleri bilen tanalýan artistler az däl. Ýöne, adyňyz Ýagşy bolansoň, özem erbet gylykly adam bolmaly däldir-le diýip, siziň bilen söhbetdeş bolmagy ýüregime düwdüm. Düýnki telefonda gepleşenimizden soň, şu güne hasam howlugdym. Sebäbi göz öňüme «Çagaly öý — bazar» atly filmdäki: «Dogrubilenini dogrupdyr-da, barysynyňam ýüzi birmeňzeş, tanar ýalam däl» diýip, aýalyňyza käýinýän keşbiňiz göz öňüme geläýdi. «Durmuşda nähili adamka?» diýip gyzyklandym.

— Aý, gaty erbet adam däldirin-le. Düýn, sen jaň edeniňde geýnip, bazara gitjek bolýan welin, öýli-işikli çagalarym: «Kaka, ikibaşdan gitjek bolsaň, bize-de un getireweri» diýip, pul berýärler. Özleri gidip alaýman. Göwnüňize almaň! Haçan barsaňyz gapy açykdyr.

Ýagşy aga! Käýarym ýolda-yzda duşýaňyz. Haçan görsem, agzyňyz gymyldap dur. Sakgyç çeýneýändir diýeýin diýsemem, ýaşuly adamyň etjek işi däl.

— Sakgyj-a çaga-da çeýnese halap baramok. Öň dört çagam bilen sekiz ýyl umumy ýaşaýyş jaýda ýaşadym. Artiste, döredijilik adamyna ilki iş şerti zerur eken. Onsoň öýde taýýarlanyp bilmezdim. Şonuň üçin «işe» diýip öýden ir çykýardym. Duralga çenli janlandyrjak keşbimiň sözlerini içimden gaýtalap, taýýarlyk görerdim. Teleýaýlyma gidemde dagy seýilgähiň içi bilen pyýada giderdim. Indi endik edipdirinmi, häzirem meýdanda kellämde gowy galýar.

Ýagşy aga hojalykçy adama meňzeýäňiz. Bazarda söwda edip, utulan ýeriňiz barmy? Ýa bazarlyk iş gelinejäniň paýyna düşýärmi?— diýdim.

— Aýalym tikin fabrikde tikinçi bolup işleýär. Önüm öndürişine görä hak tölenensoň, köplenç işde bolýar. Menem häli-şindi «bir kilo, iki kilo» diýip kösenmeýärin. Bir gidemde ep-eslini alyp gaýdýan. Bir gezek süzme almaga gitdim bazara. Bir owadanja, ýaşrak gelin süzme satyp dur. Içimden «Şüýä arassa, turşy-tumur süzme satjaga meňzänok» diýip, bäş-alty kilo süzme çekdirdim. Özem:

— Gelin! Halalja çekeweri! Öýe baramsoň, mendenem çekip alýarlar — diýip, ýagdaýy aýtdym. Ol:

— Arkaýyn alyberiň, daýy — diýip, süzmäni elime tutdurdy. Maşynyma gelip, asma terezide çekdim. Bir kilo iki ýüz gramy kem. Yzyma baryp, şuň ýaly diýsem, sesini çykarman üstüne atyp çekip berdi. Özi eden işini bilýän bolmaly. Ýogsa:

— Hany çekip göreli! Beýle däldir — diýerdi ahbetin.

Aýalyňyz işden gelip, iş pursatlary hakynda şunuň ýaly gürrüňleri aýdýarmy?

— Kä wagt gürrüň berýär. Kä wagtam «Saňa aýdan gürrüňimi älem eşidýär» diýýär.

Ýagşy aga, artist halky tomaşaçyny, sözem söz welin, hereket bilen güldürýän ýaly. Sebäbi, ynha, Berdi Aşyrow diýen artistiň degişme sahnalarda ýerine ýetirýän keşpleri, köp sözli keşbem däldir welin, ýüzüne seredeňde gülüp oturmaly.Ýöne, ýaňy ýüzbe-ýüz gördüm welin, ol düýbünden başga adam. Men-ä agzy-burnam gyşykmyka diýip ýördüm. Bende gül ýaly eken. Diýjek bolýanym, siz ekrana çyksaňyz, çagalarym-a: «Daňňa daýy çykýar» diýýärler. Siziň şol gysgajyk degişme sahnalardaky keşbiňiz ýatlarynda galypdyr. Ýanyňyzda «Bydym» diýbem biri bar. Içýakgyç keşpleri oýnaýar. Men-ä şol artist keşp janlandyranda, dogrymy aýdýan, nerwim çydaman, ýumrugymy düwüp, dişimi gyjaýan. Şol artistem keşbe häsiýet berip güýçli oýnaýar.

Ýagşy aga, şu ýerde ýene-de «Çagaly öý — bazar» filmine dolanaly. Şo filmi görenleriň kims-ä siziň bilen goňşy bolanyny isländir. Kimsem çagalaryňyzyň towugyň üstünden legen ýapyp ýören garagollugyny görüp, daşgynrak ýaşanymyz gowy diýendir. Durmuşda nähili?!

— Çagalaryňy, agtyklaryňy öýde ýok bolsalar-a göresiň gelýär. Bar bolsalaram ýadadýarlar. Çaga-da, derrew bir-biri bilen çaknyşýarlar. Şonda ulular parhly bolmaly. Kä ýarym nädogry hereketleri bolsa, öý-işigi aýry diýemok, ulularyna-da käýýeýän. Garaz, düşündirýän. Ýöne, şonda-da özlerini oňarsalaram şolardan aýry iýesiň gelenok. Ejeler-ä, ylaýta-da gyzlaryna dadyrmasa ynjalmaýar. Onuň üçin öýlerinde sähel käýişselerem jaň edäýýärler. Eje bir maslahatçy ahyry. Durmuşyň ajysam, süýjüsem bolýandyr. Adam ömrüniň ahyryna çenli göreşip ýaşamaly — diýipdi.

Bir gezegem onuň bilen artist Gylyç Berdiýew hakynda makala ýazanymda söhbetdeş bolupdym. Ol şonda :

—Gylyç Berdiýew uzyn boýly, görmegeý adamdy. Gönümeliräk, halamaýan zadyny göni aýdardy. Ol — ussat artist. Ýöne ilki-ilkiler ýüzüni agras görüp, bilmeýän zadymyzy soramaga-da çekinerdik. Öwrenişenimizden soň welin, onuň bilen degşibem ugradyk. Gylyç aga janypkeş adamdy. Öýüne barsaň gyşyň güni bolsa-da, melleginde gök otlar ekilgidir. Derwezeden gireniňden, howlusynda zähmet çekileni görünerdi. Hojalyga zerur gara işlere-de zordy.

Gylyç aganyň aýratyn bir häsiýeti bardy. Ondan bir zat sorasaň, gara çyny bilen düşündirerdi. Käwagt degşip-gülüşmek üçin, «Ýörüň, Gylyç agalara ýer depmäge gideliň!» diýip, oglanlar bolup giderdik. Sähel ýeri depibem, ýaltanardyk. Onsoň öz aramyzda göz gypyşyp, ilki birimiz: «Gylyç aga, pylan zat nähili bolýar?» diýip, orta sowal oklardyk. Oturyp düşündirerdi. Soň ikinji birimiz sowal bererdik. Şeýdibem, ýerem depilmezdi, gyzykly gürrüňden gep haltamyzy dolduryp, öýe gaýdardyk. Olam Gylyç aganyň degişme gürrüňlerini diňlemek üçin ýene bir gün bahana bolardy. Gylyç aganyň artistlik ussatlygynyň aýratynlygy — onuň zehininiň köp taraplaýynlygy. Ol durmuşy oýunlaram, degişmedir gussaly oýunlaram ussatlarça oýnap bilýärdi. Haýsy oýny oýnasa, «Bu oýny muňa beräýipdirler» diýdirenokdy. Köp kişi Warryk batyryň keşbini oýnady, hat-da özümem. Ýöne Gylyç aga bolup oýnamak başardanok. Warrygyň keşbi onuň ganyna siňipdir. Keşbiň oturym-turum, ähli hereketini, duýgusyny bilýärdi. Maňa ussat režissýorlaryň, artistleriň arasynda işlemek miýesser etdi. Olar haýsy keşbi döretsinler, gaty anygyna ýetip işlärdiler. Gylyç aga-da şeýledi. Her bir keşp onuň özüne laýyk gabat gelýärdi.

Gylyç aga durmuşda-da, sahnada-da halypa hökmünde maslahatyny gaýgyrmazdy. Gylyç aganyň aýalam artistdi (Türkmenistanyň at gazanan artisti Mama Babaýewa). Gylyç agadan: «Bu şägirt ýigitleňden, heý, bir zat çykjakmy özi?» diýip sorardylar welin, pahyr, maňa elini uzadyp: «Şu eňeksizje oguldan bir zat boljak» diýerdi — diýip gürrüň beripdi.

Ýagşy aga kino sungatynda-da, teatr sahnasynda-da ençeme keşpleri, janlandyryp, tomaşaçylaryň ýüreklerinden ýer aldy. Öz häsiýetini durky bilen janlandyran keşplerine siňdirensoň, ol durmuşda-da, göýä sahnada ýaly görünýär. Bu onuň artistlik ussatlygynyň alamaty.

Bir gezek gyssagly ýagdaýda, makala ýazmak üçin, Ýagşy agany sorap, öýlerine jaň etdim.

— Ýagşy aga, häzir daşarda — diýip jogap berdiler. Bir-iki sagatdan ýene jaň etdim. Ýene şol jogap. Onsoň giçlik jaň etdim, ýene şol jogap. Ahyry gije sagat 10 töwereginde jaň etdim-de:

— Näme, Orazgül gelnejem  bu gün Ýagşy agany öýe salanokmy? — diýip, degişmek isledim.

  • Wah, ýok-la, 32 ýaşly ogly ýogalyp, şu gün şonuň ýyly — diýdiler.

Wäşi adamlar durmuşda agyr gün başyna düşende-de, gülki, degişme bilen syr bildirmän, özge ýüreklere agram salmajak bolup ýaşaýarlar. Ýogsa, Ýagşy aga şol wagtlar hem telim gezek sataşypdym. Emma göwnüçökgün bolman, mertlik bilen gezip ýörensoň, onuň beýle ýagdaýyny duýmandyryn.

«Türkmenistanyň halk artisti» diýen at bilen sylaglananda-da onuň bilen söhbetdeş bolupdyk.Ýagşy aga gazanan zähmet üstünligine hem edil durmuşdakysy ýaly kanagatlylygy, şükürliligi, mertligi bilen, irginsiz zähmet çekip, päk zähmeti bilen ýetipdi. Ol şonda:

—  Häzir men 64 ýaşymda. Uzak ýyllap teatr sahnasynda işläp gelýän. Soňky wagtlarda aýaklarym agyrýar. Arada eslije wagt ýaramadym. Şonda öýümize gumdan bir ýaşuly gelipdir. Hiçimiz tanamyzok. Asyl tomaşaçylaryň biri meni soramaga gelen eken. Zähmet çekip bilseň, tomaşaçy seni ýadyndan çykaranok. Şeýle döwlet derejesinde sylanyp, ýurdumyzyň Baştutanynyň sarpalamagy ol diýseň derejeli zat. Ganatly ýaly boldum. Şol gün meniň üçin jennetden bir gün ýaly boldy. Hormatly Prezidentimiziň ömri uzak bolsun! Alkyş baryny aýdyp, tükedip bilemok. Tüweleme, iki oglum, bir gyzym, agtyklarym bar. Öý-işikleri aýry. Ählisi begendiler. Gelinejeň bilenem ýaşaşyp ýörenime-de, ynha, 45 ýylyň içi. Kä wagt: «Agsaklap ýörsüň welin, ýaşyňy kiçeldip aýdýan bolaýma?» diýýär. Sylag alyp gelen günüm ökjäm ýere degmän geldim — diýipdi.

— Orazgül gelineje, Ýagşy aga size bir zatlar-a diýdirjek bolýar — diýdim.

— Aý, Ýagşy agaň işi maňa degmekdir. Kä wagt: «Huşum ýok, goýan zatlarymy nirede goýanymy bilemok» diýsem: «Puluňy nirede goýanyňy-ha bilýänsiň?» diýýär. «Ýok şonam bilemok» diýsem: «Onda-ha gowy, kän pul sowmaz ýaly» diýip degýär. Ýa-da sahna taýýarlyk görüp, işden giç gelýän günleri bolýar. «Kimsiň?» diýip, gapyny açsam: «Nesip etse, äriňdirin» diýip, gapydan girýär. Ýagşynyň degişgen häsiýeti çagalarynda-da bar, agtyklarynda-da.

Orazada Ýagşy ikimiz agyz bekledik. Agzaçar golaýlaýar welin agtygym: «Ene, iki aýlap agyz bekleseň bolýarmy?» diýip soraýar.

«Näme üçin?» diýsem:

«Atam agzyny açsa, garşy-garşy çaý içjek, suw içjek» diýip, maňa iş buýrup başlar» diýýär. Ýogsa çagalaryň ählisem Ýagşydan çekinýär. Ýagşy näçe degişgen bolsa-da, gazanda nahar gaýnap durmasa ýüzünde gülki görünmez. Agtyklary belet bolansoň degýärler.

— Orazgül gelneje, Ýagşy aga hojalygyň ähli ýüküni özi çekip ýören hojalykça meňzeýär. Men-ä öýde naharam Ýagşy agaň özi bişirýändir öýdýärdim?

— Öňler, ýaş wagtymyz ikimizem irden işe giderdik. Haýsymyz ilki öýe gelsek, çaý goýup, naharam bişirerdik, çagalaram mekdepden, bakja bagyndan alardyk. Indi aýagy agyransoň, ähli iş özüme galdy — diýdi.

— Ýagşy aga, Orazgül gelnejäniň häzirki degşip-gülşüp oturyşy artist ýaly. Degişme sahnalaryňyzda bile oýnaýsaňyzam başarman durarsyňyz öýdemok — diýip jogabyna garaşdym. Ol:

— Men-ä garşy däl. Hany, özünden sora — diýip güldi.

— Ýog-eý, Şemşat bilen oýnaýan degişme sahnalaryny öýümizde ýazgy etdiler. Çaý getirip, öňünde goýup, ýazgy gowy bolma-sa ýene-de gaýtalap, güne galýarlar. Şemşadyň janyna berekella. Artistiň kärem ýeňil zat däl. Diňe taýýar bolansoň, ýaýlymda görmeli — diýip gürrüň berdi.

— Dogry aýtdyňyz, gelneje, häliden bäri şu jogabyňyza garaşdym — diýip, sag bolsun aýdypdym. Şol gezek Ýagşy aga bilen taýýarlan iň soňky söhbetdeşligimiz boldy. Ol 2010-njy ýylda 67 ýaşynda aradan çykdy.

Akgül SAPAROWA.

 

Almaz Ýazberdiýew: öz käriniň ussady

 

Ýene-de okaň

 Muhammetnazar Mommadow: ussatlaň ýetişdiren ussady

Ata Watan Eserleri

Aşyr Hojatow: ussatlyk mekdebiniň halypasy      

Gülki – Zeminiň duzy

Ata Watan Eserleri

Teswirle