TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Ýagşygeldi Kakaýewiň ady Halkara nebit we gaz uniwersitetine dakyldy

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlap, Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda milli Liderimiz Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde bellenip geçildi.

Türkmenistanyň Mejlisi milli Liderimiziň bu başlangyjyny goldap, Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmak we ony mundan beýläk «Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti» diýip atlandyrmak barada karar kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ýagşygeldi Kakaýewiň ýurdumyzyň görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäri, uly tejribesi bolan halypa bolandygy, onuň nebitgaz pudagynyň häzirki zaman ugrunyň emele gelmegine, şol sanda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine we ösdürilmegine uly goşant goşandygyny belledi.

Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýurdumyzyň iri inženerçilik ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Uniwersitet 2013-nji ýylyň 9-njy awgustynda hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda öňki Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna halkara uniwersiteti derejesiniň berilmegi bilen döredildi.

Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2013-nji ýylyň 25-nji iýulynda Halkara uniwersitetler birleşiginiň agzalygyna kabul edildi.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz düýn Kompýuterlerdäki “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – Russiýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Maglumat tehnologiýalaryň elektron sözlügi işe girizildi

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Teswirle