SIZDEN GELENLER

“Ýagşy günlem dilegiňden, dogaňdan sensiz durmuş dolup gitdi sowaldan”

“Ömrüň ejeli günleri…”  

Ozalam bir danadan gussa näme diýip sorapdyrlar. Dana: “Gussa, hemişe öz-özüň hakynda oýa batyp gezmekdir” diýip gysgajyk jogap beripdir.

Hawa biz köplenç öz pikirlerimiz bilen gussa batýarys. Şol bir zat hakynda yzygiderli pikir ýöretmeklik köp halatlarda has agyr hasrata ýetirýär. Durmuşuň sowallaryna jogap gözlemegiň ýerine, elimizde bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmaklygyň has ýerlikli boljakdygy barada gaty az oýlanýas. Köpümiz haçandyr bir wagt, kimdir birinden geljek goldawa, hemaýata, kömege garaşýarys. Ine şol duýgularam bizi gaty köp üstünliklerden alyp galýar. Ömür bolsa… Kakamyrat Rejepowyň aýdyşy ýaly: “Arzuwlara ölçeg ýetmez, ömür bolsa azajykdyr.”

Belki-de göwnüňize ömrüň ejeli günleri baradaky pikirlerden daşlaşan ýaly hem bolup görünendirin?! Ýok, aslynda bu gün siz bilen adamynyň ol ýa-da beýleki bir hasratly ýagdaýlardan taplanmak, saplanmak üçin nämeler etmelidigi hakynda söhbet etmekçi. Edil arzuwsyz adamynyň bolmaýşy ýaly gaýgysyz adam hem ýokmyka diýip pikir edýän. Emma gaýgy diýlen zady her kim birhili ýollar bilen ýeňmäge çalyşýar. Käte daşyndan göräýmäge şu adamda ýekejede gaýgy ýok diýdirýän häsiýetdäki adamlar bolýar, emma soň görüp otursaň seň ömrüň manysy hasap edýän hasratyň onuňkyň ýanynda hiç zat bolup galaýýar. Halkymyzda “Ýagşyny görde pikir et, ýamany görde şükür et” diýlen bir aýtgy bar. “Müň gaýgy bir iş bitirmez” diýýärdi ejem pahyr. Özümem gaty köp ýyllap ejemden aýrylanymdan soň depressiýa ýagdaýynda galdym. Ähli zatda maslahatçyň, hossaryň, howandaryň, ýüregiň bir bagy gideninden soňra özüňi ele almak gaty bir aňsat işem däl. Men muny aslynda mümkin zat diýibem hasap edemokdym. Ýöne gowy adamlaryň, akylly adamlaryň ýardamy boilen sen ýene-de öz ýoluňy dowam etmegi öwrenýäň. Adam niýetiniň oň durmuş ýoluna öwrülýändigini kän eşidensiňiz. Gowy, owadan, ajaýyp zatlaryň pikirini ýöretmeklik, esasan hem maksat tutunmak seni ähli kynçylyklaryň içinden edil “Ýagdan gyl sogran ýaly” edip alyp çykýar. Ine gaýgy-gussanyň iň elhenç ýeri hem ol seni bimaksat edýär. Hat-da ýaşamaga güýji nireden almaly diýlen sowaly keserdip goýýar öňüňde. Ine şol halatlarda ýene-de seni parasatly pikirler halas edýär…

“Akyldara şägirt bolmak isleýän ýaş ýigit ondan durmuşda üstünlige ýetmekligiň syryny sorapdyr. Akyldar ullakan gaby suwdan doldurypdyr-da ýigide şol suwa tutuşlugyna girmegi buýurupdyr. Ýigit suwa çümen dessine akyldar onuň kellesinden basyp saklamaga durupdyr. Ýigit bar güýji bilen göreşmäge başlapdyr. Ahyrynda ýaş ýigit suwdan kellesini çykarypdyrda dem alypdyr. Akyldar:

  • Sen meniň garşylygymy ýeňeniňden soň näme islediň?!
  • Dem almagy.
  • Onsoň ýene näme?!
  • Başga hiç zat!
  • Ine şuňa-da ýeketäk maksadyň güýji diýilýär. Sen üstünligem edil şular ýaly isleseň üstünligede hökman ýetersiň” diýipdir.

Seň esasy üstünligiň ene-ataňy razy edýän, ile ýaraýan perzent bolmaklykdygyny unutmaly däl. Kemally perzent hökmünde eneň-ataň arzuwlary hem seň ykbalyňda hasyl bolmaly. Şahsyýet hökmündäki kalbyňda şinelän maksatlaryňy amal etmek hem seniň boýnuňda. Ejäniň ezizligi, mähribanlygy, şirin dilliligi, pespälligi hemişe saňa nusga bolsa ömrüň gudrata döner! Uzak ýolda büdremeýän adam ýok, ýöne ýeriňden galmagy we ýoluňy dowam etmegi öwrenmeli. Durmuşdan öýkeli gezmeklik bu özüňden öýkelemekdir. Hat-da at hem bir beýiklikden bökmek islese bä-on ädim yza süýşüp bat alýar. Esasy zat hyýallaryň owadanlygy. Seni ol ýerden başga ýere oklaýan durmuş ýollaryndan nägile bolmaly däl.

“Bir guşjagaz ullakan guran agaçda özüne höwürtge gurunupdyr. Giden çöllükde ýeke oturan bu agaç onuň ähli rahatlygyna öwrülipdir. Ol ýyllar boýy şeýle ýaşap gelipdir… ýöne günleriň bir güni güýçli tupan bu gury agajy ýer bilen ýegsan edýär. Ähli zadyndan mahrum bolan guçjagaz gözleriniň gören tarapyna uçup başlaýar. Ol gije-gündüz arman, ýadaman yhlas bilen uçupdyr. Ýelekleri düşüp başlaýança uçudyr. Ine günlerde bir gün ol edil jennetiň bir künjegi ýaly bolup oturan çar bagyň üstünden barýar. Guşjagaz öz bagtyna ynanman ýaşap başlaýar…”

Eger-de käteler durmuşumyzda tupanlar turup durmasa biz has gowy tarapa özgermezdik. Muňa soň düşündim. Ýogsa menem ejemiň ýoklugynda durmuşdan öýkeläp tasdanam bir dananyň okuwçysynyň gününe düşüpdim… ýöne bu barada indiki söhbetde…

Ýagşy günlem dilegiňden, dogaňdan,
Sensiz durmuş dolup gitdi sowaldan,
Ýaradana zerur borly gowy adam…

Gülşirin HANOWA.

 

Ýeňleseň, dertden ýeňleseň, ejeň ýüregňi diňlese…

Oýalykda düýş görüp gördüňizmi?!

Ýene-de okaň

18-nji fewral – Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni

Türkmenistan – energetika döwleti

Nebitgaz toplumy – oňyn görkezijiler

Mekdebe çenli bilim edaralarynda ene-atalar bilen geçirilýän çäreleri guramagyň pedagogik esaslary

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly