TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Ýaglyk daňlyşynyň görnüşleri: Gelin-gyzlarymyz üçin

Türkmen zenanlarynyň milli lybaslarynda toý öwüşginleri bar. Olar, edil, ýaz güllerinden dokalan ýaly owadan, nepis hem näzik. Olar waspynyň şygra, dessana laýykdygyny öz lowurdusy, öwüşgini bilen dünýä ýaýyp ýör. Türkmen zenanlarynyň milli lybaslary diýlende ilkinji bolup, ýüpek jemally öýme göz öňüňde janlanýar. Ol birenaýy lowurdaýar. Ondaky nur Gün şöhlesinden gaýdýana çalym edip, gözleriňi gamaşdyrýar. Şol nur, şol şöhle onuň älemgoşar ýaly dürli reňkdedigine garamazdan,owadan şekiller bilen bile ýüregiňi ýagtyldyp gidýär. Şol ýagtylygy has-da artdyrýan zat bolsa, öýmeleriň göze gelüwli edilip daňylmagydyr. Bular barada gelin-gyzlaryň saýty bolan Türkmen Gazet saýtynda ýörite taslama amala aşyryldy. Biz hem saýtymyzy okaýan gelin-gyzlarymyz üçin gyzykly we peýdaly bolar diýip ýaglyk daňlyşynyň görnüşlerini Size ýetirýäris. Biz saýtymyzda her bir görnüş barada ýeke surat berýäris we gyzyklanan okyjylarymyz şol suradyň üstüne basyň ýaglyk daňlyşynyň tilsimlerini öwrenip biler.

Bellemeli zat, “Gül-Zaman” gül we moda merkezine, şeýle-de “3 dogan öýmeler” dükanynyň ýakyndan ýardam bermeginde amala aşyrylýar. Şonda, bu taslamada Lybasyň hemaýatkäri: “Gül-Zaman” gül we moda merkezi,  Ýaglygyň hemaýatkäri bolsa  “3 dogan öýmeler” ýagny “Medine_Muhammet öýmeleri bolup çykyş edipdir.

Taslamany gurnan: Merjen ÝAZLYÝEWA.

Surata düşüren: Arslan MÜLLIKOW.

 

Täze gelinleriň başyny bezeýän ýaglyklar

 

 

 

Döwrebap usul: Halk arasynda ýaglygyň arap daňylyş usuly diýilýär.

 

 

 

 

Ýaglygyň gündelik daňylyş usuly

 

 

Öýme daňynmak (ýaşmak üçin)

 

Online krosswordymyzy çözmek üçin şu ýere basyň!

 

Ýene-de okaň

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Oktýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler

«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny alan raýatlarymyz

Teswirle