SIZDEN GELENLER

Ýadawlyk barada…

Ýadawlyk: Köp işlemek, hereketde bolmak, ýokary psihiki işjeňlik zerarly güýç-kuwwatyň gaçmaklyk, ýadaw halda bolmaklyk, argynlyk, ýorgunlyk ýagdaýydyr.

Ýadawlyk her bir ynsana mahsus häsiyetlerin biridir. Fiziki iş, aň işjeñligi, gündelik zähmet adamyny belli bir derejede ýadadýar. Iş wagtynda synlanan adamlaryň ýadawlyk derejesiniň agşama çenli dowam edýändigine göz ýetirilipdir. Şeýle-de, gaty köp pikirlenýän adamlaryň depressiýa sezewar bolýandygy we ir garraýandyklary ýüze çykarylypdyr. Ýadawlygy ýüze çykarýan we ýadawlygynyň düýbündäki esasy mesele Stress ýagdaýy we depressiýa diyip hasap edilýar. Ýadawlyk ýagdaýlarynda sagdyn uky, dynç alys, dost-yarlaryn, masgala agzalaryn bilen gyzykly, sadyyan wagt geçirmeler yadawlygyny ayyryp, güyç-kuwwatyny dikeldyär. Eger-de, toplanan yadawlyk birnäçe günün dowamynda saklanyp, bedenin güyç-kuwwaty dikelmeyän bolsa, onda ol öz saglygyna, yasayys-durmus sertlerine üns bermelidigin barada aydyn alamatdyr. Dowamly ýadawlyga we gan azlyga sebap bolyan witamin yetmezciliginin basynda B12 witamini, demir we foliy tursusynyn yetmezciligi gelyar.

Ýadawlyk gündelik durmuşymyzda endik edinilen emma üns berilmeýän faktorlardan hem ýüze çykyp biler.

Bu faktorlara:

  1. Ýokary fiziki işjeňlik
  2. Aşa hereketsizlik
  3. Uky ýetmezçiligi we kadasyz uky
  4. Kadasyz iymitlenme
  5. JET-Lag (sagat tapawut edýän ýurtlar arasynda syýahat etmek)
  6. Aşa semizlik
  7. Duyguly, stresli ýagdaýlar
  8. Aşa köp kofein sarp etmek

Dowamly ýadawlyk haysy kesellerin habarçysy bolup biler?

Anemiýa (gan azlyk): Gyzyl gan öýjükleriniň mukdarynyň azalmagy bilen ýüze çykýar.

Bagyr ýetmezciligi: sagdyn adamda bagyryň funksiýasynyň birden bozulmagydyr.

Dowamly ýadawlyk sindromy: İnfeksiyalardan baslap psihologik strese çenli birnäçe teoriýa bolmagyna garamazdan, dowamly ýadawlyk sindromynyň näme sebäpli döreýändigi ylymda heniz belli däldir.

Hroniki infeksiýalar: bu infeksiýalar bedene täsir edýän wagty bedeniň immun ulgamy işjeň ýagdaýda bolýar. Sagdyn iýmitlenmezlik netijesinde ýokumly maddalaryň ýetmezcilik etmegi bu keselin esasy sebäbi bolup biler.

Hroniki böwrek keseli: bu kesele basgaça hroniki böwrek ýetmezciligi diylip hem atlandyrylyar, bu keselde böwregiň funksiyasy ýuwaş-ýuwaşdan peselýär we adamy howply ýagdaýlara ýetirýär.

Depressiýa: Depressiýa dowamly gynanmak we adamyň sussypes, ejizlän psihiki ýagdaýy, dünýäden doýgunlyk haly bolup ýadawlygyň esasy sebäpleriniň bolup durýar.

Stress: munuň özi garaşylmadyk we dartgynly şertlerde döreýän emosional ýagdaýdyr

Diabet: Diabet hassalarynda yadawlyk ýygy-ýygydan görülýän ýagdaýlaryň biridir.

Ýürek keselleri: ýadawlyk köp ýürek kesellerinde görülýän alamatlardan hasaplanylýar.

Netijede dowamly ýadawlyk birnäçe keselleriň habarçysy bolup biler: Gan azlyk, infeksiýalar, ýürek we böwrek ýetmezçilikleri, witamin we mineral maddalaryň ýetmezçiligi, metaboliki bozulmalar, gormonal sebäpler we başga keselleriň hem ilkinji alamaty bolup biler.

Dowamly ýadawlykdan saplanmak üçin nämeler etmeli? Ediljek öňüni alyş işleri sizi ýadawlykdan halas edip biler.

  1. Artykmaç agramdan halas bolmak semizlik bar bolsa horlanmak.
  2. Ýeterlik derejede uky almak.
  3. Yzygider hereketde bolmak.
  4. Bilinýän stres faktorlardan uzakda durmak.
  5. Hobi edinmek.
  6. Her gün irden mylaýym suwda duş almak.
  7. Dem türgenleşikleri we ýoga bilen meşgullanmak.
  8. Bedeni massaž etdirmek.
  9. Ýenil iýmitlenme maksatnamasyna geçmek.
  10. Köp suw icmek.
  11. Günde bir käse ýogurt iýmek.
  12. Hepdede azyndan bir gezek balyk önümlerini iýmek.
  13. Her gün banan iýmek.
  14. Sport bilen dowamly türgenleşikde bolmak.

Kerim TÄÇMÄMMEDOW,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Keselleriň öňüni alyş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty

Hakyda göwheri – şöhratly mirasyň beýany

Milli däp-dessurlarymyz – terbiýe ojagy

Milli lybaslarymyz – milli buýsanjymyz