TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Xiaomi” telefonlary näme üçin arzan?

“Xiaomi” kompaniýasy häzirki wagtda ýörgünli geçýän “Mi” we “RedMi” telefonlary öndürýän kompaniýadyr. Ol Hytaýyň paýtagty Pekinde Leý Jun we onuň egindeşleri (hyzmatdaşlary) tarapyndan 2010-njy ýylyň 6-njy aprelinde döredildi. 2000-nji ýylda Leý Jun “joyo.com” online kitap dükanyny döredýär, 2004-nji ýylda bolsa, “amazon.com” onlaýn dükanyna 75 million amerikan dollara satýar.

Xiaomi” barada gyzykly maglumatlar:

“Xiaomi” sözi ikä bölünip, “Xiao”-kiçi we “mi”-tüwi  ýagny, kiçi tüwi diýmekligi aňladýar. Bu budizm dininiň düşünjesine görä, kiçi zatdan başlap, has ulusyny ýetmekligi aňladýar.

“Mi” sözüniň iki sany manysy bardyr:

Birinjisi Hytaýlaryň hat-ýazuwynda “mi” sözüni başaşak ýazanyňda “ýürek” diýmekligi aňladýar.

Ikinji manysy bolsa, “Mobile Internet” diýmekligi aňladýar.

“Xiaomi” 2010-njy ýylyň 16-njy awgustynda resmi ýagdaýda “Android” esasly MIUI operasion ulgamyny döredýär. Bu operasion ulgam, “Apple”-däki IOS we “Samsung”-daky “Touch with” ýaly ulgamdyr.

“Xiaomi” kompaniýasy açylandan 1 ýyl soňra, ýagny 2011-nji ýylda “Xiaomi Mi1” 2012-nji ýylda bolsa, “Xiaomi Mi2” görnüşli telefonlaryny öndürip başlaýar. Häzirki wagtda iň üýtgeşik öndüren telefonlary bolsa, “Mi Mix Alfa” telefonydyr. Bu telefonyň üýtgeşik ýeri bolsa, kamera alynýan ýerinden başga  ähli ýeri ekran bilen gurşalandyr.

2018-nji ýylda “Xiaomi” kompaniýasy  telefon satmak boýunça dünýäde 4-nji ýere bardy. Başdaky orunlarda bolsa, “Apple”, “Samsung” we “Huawei” akylly telefonlary eýeleýär.

“Mi” we “RedMi” telefonlarynyň tapawudy edil “Samsung”-daky ýaly “Galaxy A” we “Galaxy S” bolşy ýaly, “Xiaomi” kompaniýasynyň telefon seriýalarynyň görnüşleridir. “RedMi” akylly telefonlary Mi-lere garanyňda, biraz arzan we hili pesräk bolýandyr.

Näme üçin “Mi” we “RedMi” telefonlary arzanka? Onuň ikinji sebäbi “Xiaomi” kompaniýasy işgärleriniň köpüsini onlaýn alyp barýar. Ikinji sebäbi bolsa, bu kompaniýa öz akylly telefonlaryny mahabat etdirmeýär.

“Xiaomi” kompaniýasy diňe bir telefon öndürmän, “Mi Band” el sagatlary öý hojalyk enjamlaryny we telefon aksessuarlaryny öndürýärler. 2019-njy ýylda bolsa, bu kompaniýa özüne mahsus bolan, äýnekdir baş gaplary we ýassykdyr saýawan ýaly birnäçe gündelik durmuşymyzda ulanyp bolaýjak esbaplary öndürip başlady. Häzirki wagtda bola, “Mi” örtügini öndürip başladylar.

“Xiaomi” kompaniýasy 2014-nji ýylda Singapurda ilkinji şahamçasyny döretdi. Şondan soňra Malaýziýada, Filippinlerde  we Hindistanda öz şahamçalaryny açdy. Indi bolsa, Indoneziýada, Taýlanda, Russiýada, Türkiýede, Braziliýada we Meksikada açmagy meýilleşdirýärler.

2014-nji ýylda “Xiaomi” kompaniýasy 1 günüň dowamynda 2,1 million  telefon satyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Soňra bolsa, 2018-nji ýylda Hindistanda 500 sany “Mi” dükanlaryny açyp, ikinji gezek rekorda girdi.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle